Dürli elektron enjamlaryny öndürýän «Razer» kompaniýasy halkara maliýe edarasy bolan VISA bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünde çyrasy bolan bank kartyny işläp taýýarlady. Solak gara reňkli kartyň ýüzünde «Razer»-iň nyşanjygynyň şekili ýerleşdirilipdir. Galtaşyksyz tölegde peýdalanylýan bu nyşanjyk töleg geçirilende ýaşyla öwrülýär. Häzirki wagtda diňe Singapurda satuwa hödürlenen kartyň beýleki ýurtlarda hem müşderilere hödürlenjekdigi mälim edildi. Bu kart kompaniýanyň töleg ulgamy bolan «Razer Pay» arkaly ulanylar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Min Lýang Tan bu kartdan peýdalanýan müşderileriň dünýäniň dürli ýerindäki 61 million kompaniýanyň harydyny satyn alanlarynda yzyna töleg («Cash back») alyp biljekdiklerini aýtdy. Harydy satyn alnan kompaniýa ýa-da haýsydyr bir söwda edarasy 1 göterimlik «Cash back» berer. Täze kartyň başga-da döredýän ýeňillikleri bar. Berlen beýanatda «Razer» karz peteginiň abunaçysy bolan müşderiler önümi satyn alan wagty 5 göterimlik arzanlaşykdan peýdalanarlar. Bu görkeziji ilkibaşda 10 göterim bolar.
Döwlet Amannazarow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.