Mars şu aýyň al­ty­syn­dan baş­lap Ýe­re has go­laý gel­di. Şeý­le­lik­de, Gün­den uzak­ly­gy bo­ýun­ça Ýer­den soň­ra dör­dün­ji ýer­de dur­ýan Gy­zyl pla­ne­ta­ny has ýa­kyn­dan gör­mek müm­kin bol­dy. As­man ji­si­mi­niň mun­dan soň­ra 2035-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da pla­ne­ta­my­za go­laý­la­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ast­ro­nom­lar Mar­sy aýyň ahy­ry­na çen­li gö­rüp bol­jak­dy­gy­ny, onuň Gün ýa­şan­dan bir­nä­çe sa­gat­dan soň­ra has aň­sat­lyk bi­len gö­rül­jek­di­gi­ni bel­le­ýärler. Ýer we Mars Gü­nüň da­şyn­dan elips (süý­ri) gör­nü­şin­dä­ki or­bi­ta­da aý­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, Gün­den daş­ly­gy ta­pa­wut­ly bo­lan iki pla­ne­ta şol bir ta­ra­pa, em­ma baş­ga­ça tiz­lik­de he­re­ket ed­ýär. Iki pla­ne­ta 780 gün­den bir ge­zek biri-bir­i­ne has go­laý­la­ýar­lar. Mar­syň Ýe­re has go­laý wag­ty ol ýyl­dyz ýa­ly­rak bo­lup gö­rün­ýär. Ýe­riň hem­ra­sy Aý­dan iki es­se uly bo­lan Gy­zyl pla­ne­ta­nyň Ýer­den uzak­ly­gy 225 mil­li­on ki­lo­met­re ba­ra­bardyr.