Totuguşlar adamlara öýkünip gepläp bilýänligi sebäpli, iň täsin jandarlaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpli multfilmlerde we filmlerde hem bu jandarlara has köp duş gelinýär. Guşlaryň bu görnüşi diňe öýkünjeňligi bilen däl, eýsem, käbir matematiki hasaplamalary hem ýerine ýetirip bilýärler.
Özüne çekiji reňkleri bilen beýleki guşlardan tapawutlanýan totuguşlar galmagalçy bolýar. Bu guşlara diňe aýdylan sözi gaýtalatmak däl, eýsem, käbir hereketleri hem öwredip bolýar. Tropik howaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň 350-den gowrak görnüşi bar. Bu guşlar Amazonka tokaýlyklarynda we Afrikada has köp duş gelýärler. Adamlar totuguşlary XV asyrdan başlap eldekileşdirip başlapdyrlar. Olaryň käbir görnüşleri öýde saklamaga has amatly bolýar. Guşlar, ululyklaryna görä kiçi, orta we uly totuguşlar hökmünde üçe bölünýärler. Olaryň boýy görnüşine görä 10 santimetrden 1 metre çenli bolýar. Tebigy durmuşda olar 15 ýyldan 80 ýyla çenli ýaşaýarlar. Amerikan totuguşy, Amazonka totuguşy we ata watany Awstraliýa bolan kakadu totuguşy has köp eldekileşdirilýär. Sebäbi bu guşlar owadan, akylly we heňleri gaýtalap bilmegi bilen tapawutlanýar. Gür tokaýlarda süri bolup ýaşaýan totuguşlary öz aralarynda batly ses çykarmak arkaly habarlaşýarlar. Guşlaryň bu görnüşi miweler, ir-iýmişler, däneler we mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Olaryň aýagynda öňde iki, yzda iki – jemi dört barmagy bolýar. Ýiti dyrnaklary agaja dyrmaşmagyna we agajy köwmegine mümkinçilik berýär. Totuguşlaryň hiç bir görnüşi höwürtge ýasamaýar. Olar agaç şahalarynda we kert gaýalardaky köweklerde ýaşaýarlar.
Totuguşlaryň çüňkleri egri bolansoň, dili galyň bolýar. Şol sebäpli bu jandaryň ýabany we eldekileşdirilen görnüşleri az mukdarda sözleri ýat tutup, olary gaýtalap bilýärler. Bu guşlara birden köp sözi hem yzygiderli gaýtalamagy öwredip bolýar. Totuguşlara sözi ýat tutdurmak we aýtdyrmak aňsat däl. Guşa aýtdyrmagy isleýän sözüňizi her 3 minutdan 4-6 gezek gaýtalamaly. Totuguşlaryň hem birnäçe görnüşi bolup, olaryň arasynda geplemegi gysga wagtda we uzak wagtda öwrenýänleri bolýar. Tota bir sözi aýtmak öwredilende, haýsydyr bir ýazgydan däl-de, öz sesiň bilen aýtmaly bolýar. Görnüşlerine görä, totuguşlar 4-6 hepdede geplemegi öwrenýärler. Bu guşlar sazlary, heňleri, hatda adamyň beden hereketlerini hem gaýtalap bilýärler.
Ýüze çenli sanap bilýär
Çal totuguş (oňa Afrika çal totuguşy, Kongo çal totuguşy hem diýilýär) adamyň sesine iň gowy öýkünýän guş hasaplanýar. Guşuň bu görnüşine san sanamagy, zatlaryň atlaryny aýtmagy we gysga soraglara jogap bermegi öwredip bolýar. Iň akylly jandarlaryň biri hasaplanýan Afrika çal totuguşy ýüzden gowrak sözi ýat tutup, gaýtalap bilýär.
Gyzykly maglumatlar
«Puck» atly totuguş 1728 sözi gaýtalap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Tebigatda süri bolup ýaşaýan totuguşlar beýleki totuguşlaryň sesini ýa-da ýyrtyjy haýwanlaryň sesine hem öýkünýär. Mysal üçin, kiçiräk guş uly totuguşuňky ýaly ses çykarýar. Ýabany haýwanlaryň sesini çykarmak arkaly bolsa, duşmanlaryndan goranýarlar.
Öýdeçi totuguşlar gapynyň jaňynyň ýa-da fotoenjamyň sesine hem öýkünip bilýärler.
Totuguşlaryň ähli görnüşi iýmitini aýagy bilen tutup iýip bilýänligi bilen beýleki guşlardan tapawutlanýarlar. Täsin ýeri totuguşlar hem edil adamlar ýaly saglakaý we çepbekeý bolup bilýärler.
Kiçi görnüşli totuguşlar 15-20 ýyl, orta ululykdakylar 25-30 ýyl we uly totuguşlar 60-80 ýyl ýaşaýar. Olaryň arasynda 100 ýyla çenli ýaşaýanlarynyň bardygy hem çaklanylýar.
Ara totuguşlaryna degişli bolan Giasint ara («Hyacinth macaw») atly guş dünýäniň iň uly uçup bilýän totuguş hasaplanýar. Goýy gök reňkli we gözüniň töweregi sary reňkli bolan bu guş ganatyny açanynda 130 santimetre ýetýär.
Ara totuguşlaryň çüňkleri örän güýçli bolýar. Olar çüňkleri bilen gaty gabykly ir-iýmişleri, hatda kokosy hem döwüp bilýär.
Totuguşlaryň käbir görnüşi bir aýagynyň üstünde durup uklaýar.
Dominikanyň (Dominika Arkalaşygy: Karib deňzinde adybir adada ýerleşýän we töweregindäki adalary öz içine alýan döwlet) baýdagynda totuguşuň Imperatoryň amazony («Amazona imperialis») atly görnüşiniň şekili ýerleşdirilendir. Bu guş endemik bolup, tebigy durmuşda diňe şol adalarda ýaşaýar.
Kakapo atly guşlar dünýäniň iň agyr totuguşy hasaplanýar. Diňe Täze Zelandiýada duş gelýän bu guşlar uçup bilmeýärler. Olaryň agramy 2-4 kg aralygynda bolýar.