Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Fransiýanyň Le Mans şäherinde geçirildi. Ýagyş sebäpli 5 minut giç başlan ýaryş 26 aýlawa düşürildi. Netijede, 3-nji hatardan başlan “Ducati” toparynyň italýan sürüjisi Danilo Petruççi möwsümdäki 1-nji, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini gazandy. Ol 26 aýlawy 45 minut 54,736 sekuntda tamamlamagy başardy. Petruççi şu möwsümde ýeňiş gazanan 7-nji sürüji boldy. Ýaryşda ýeňijiden 1,2 hem-de 1,7 sekunt gijä galan ispan sürüjileri – “Repsol Honda” toparyndan Aleks Markes 2-nji, “Red Bull KTM” toparyndan Pol Espargaro 3-nji ýeri eýeledi.

Geçirilen 9-njy ýaryşdan soň, “Petronas Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo 115 utuk bilen öňde barýar. 2-nji ýerdäki ispaniýaly Hoan Miriň (“Suzuki Ecstar”) 105 utugy bar. Italiýaly Andrea Dowizioso (“Ducati”) bilen ispaniýaly Mawerik Winýales (“Monster Energy Yamaha”) degişlilikde, 97 we 96 utuk toplap, 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.  Möwsümiň 10-njy bäsleşigi 18-nji oktýabrda Ispaniýanyň Aragon şäherinde geçiriler.