Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak babatdaky durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegini şertlendirdi. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köp sanly döwrebap hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň ýokary tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleridir şypahanalaryň işleriniň döwrebap ýola goýulmagy raýatlarymyzyň ýokary hilli dynç almagynda, saglyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dermanlyk otlary peýdalanylyp, halkymyzyň saglygyny goramak babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Munda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasy gollanma bolup durýar. Ýaňy-ýakynda milli Liderimiziň diňe bir lukmanlar däl, eýsem, giň halkara jemgyýetçiligi üçin hem uly gollanma bolup durýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildi çapdan çykdy.
Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işinde türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeklerindäki dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär. Häzirki döwürde käbir dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ähmiýeti resmi taýdan ylmy lukmançylykda ykrar edildi. Bu şeýle-de bolmaly, çünki her bir janly ýaşaýyş ösümlik dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp ylmy-ensiklopedik işlerinde dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti, olardan dermanlyk serişdeleri we melhemleri taýýarlamagyň aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginde milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseriniň esasynda ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn düýpli öwrenilýär, olaryň täsiriniň täze ugurlaryny ýüze çykarmak boýunça ýörite ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ugurda hususy pudagyň wekilleri hem öz önümçiliginde giňden peýdalanýarlar. Mysal üçin, «Täç hil» hususy kärhanasy üzärlik dänejikli suwuk sabynyň önümçiligini ýola goýdy. Türkmen tebigatyndan alynýan üzärlikden taýynlanan bu önüm hem türkmen tebigatynyň müň derde derman dermanlyk ösümlikleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek öňe çykardy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ensiklopedik işi 12 jilde baryp ýetdi. Bu kitabyň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi bolsa onuň lukmançylyk ylmy üçin diýseň gymmatly gollanmadygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby arassa lukmançylyk serişdelerini taýýarlamak üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Onuň esasynda lukmanlarymyz hem-de alymlar tarapyndan Türkmenistanyň şertinde ilkinji gezek halk lukmançylygynda gadymdan bäri belli ösümlikler bolan üzärlik, ysly çomuç, boýdäne, ala pakyr, ýandak, käkilik oty, bir ýyllyk ýowşan, türkmen arçasy ýaly ösümlikleriň tebigatda ýaýraýyş kanunalaýyklyklary, ätiýaçlyk gorlary, himiki düzümleri, biologik hem-de fiziologik işjeň maddalary bölüp almak, bejeriş häsiýetlerini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Umuman, türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümliklerini giňden beýan edýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny esasy döwlet derejesindäki aladalaryň biri hökmünde garap, bu ugurda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň täze kitaby hem-de paýtagtymyz Aşgabatda gurlup, ulanmaga berlen hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap merkezleriniň üstüni ýetiren – Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi hem-de Estetiki merkezi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Akmyrat MEREDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.