Golaýda şeýle at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen milli aýdym-saz sungatynda sütün halypalarymyzyň biri Mylly Täçmyradowyň ömri we döredijiligine bagyşlandy. Mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň Halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň döreden «Bahar» diýen sazyndan başlan ýubileý duşuşygyna talyp ýaşlar, professor-mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Bu eseri Halk saz gurallary toparynyň ýolbaşçysy Ýazberdi Hydyrowyň halypalygynda talyp ýaşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Mylly agadan miras galan halk sazlara aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Halk artisti, konserwatoriýanyň halypa mugallymy, professor Ýolaman Nurymowyň Mylly Täçmyradowyň saz çalşyndaky ýerine ýetiriş aýratynlygy barada şeýle hem onuň beýik adamkärçiligi barada eden çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Dabaranyň dowamynda «Gyrmyzy», «Aýna», «Hajygolak», «Humarala» ýaly sazlary bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarydyr mugallymlary halypanyň ýubileý toýunda özboluşly sowgat hökmünde ýerine ýetirdiler. Döredijilik hem-de terbiýeleýjilik boýunça örän ähmiýetli bolan dabarada Mylly Täçmyradowyň döreden sazlary baradaky ýatlamalara aýratyn orun berildi.
Sütün halypa M. Täçmyradow 1941-1945-nji ýyllarda beýleki mukamçylara baş bolup döredijilik ukybyny, zehin başarnygyny Watana söýgi, gahrymançylyk temasyna bagyş edipdi. Ol Aşgabadyň sazçylyk uçilişesinde işlemek bilen birlikde merdana ýigitlerimizi Watan goragyna ugratmak dabaralaryna hem yzygiderli gatnaşypdyr. Şeýle çäreler onuň täze saz eserleri döretmegine esas beripdir.
Şunlukda halypa sazandanyň ýiti zehininden «Ugradyş» diýen saz çogup çykýar. Özüniň ýürek owazy bolan şol saz bilen ogullary Annamyrady we Gulmyrady Watan üçin jan alnyp, jan berilýän söweşe ugradypdyr. Halypa watançylyk, gahrymançylyk harby temada «Ugradyş», «Gyzyl baýdak» hem-de «Hüjüm» atly sazlary döredýär. Bu sazlarda frontçy esgerlerimiziň gaýduwsyzlygy, şir ýürekli ýigitlerimiziň kämil harby sungatlary goşa tardan çykýan owazlar arkaly beýan edilýärdi. Ine-de: «Uruş tamamlandy. Özi hem Beýik ýeňiş bilen tamamlandy» diýen, hoş habar dünýäni gaplaýar. Muňa bagyşlap Mylly aga özüniň owal-ahyr arzuwy bolan «Ýeňiş» diýen sazyny döredýär.
Halypa sazanda Mylly Täçmyradowyň döreden «Bahar» atly sazy Watanymyzyň gunçalap gül açýan häzirki Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe has hem owadan görnüşe eýe bolýanlygynyň sazly teswiri hökmünde kabul edilip, sazandalar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär.
Şeýle guramaçylykly çäreleri yzygiderli geçirmäge giň ýol açan hormatly Prezidentimize aýdylan alkyşlar, hoşallyklar aýdym-sazlar bilen utgaşdy.
Saýylberdi REJEBOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Önümçilik tejribe
okuwynyň ýolbaşçysy.