Finlýandiýanyň lift öndürijisi “Kone” kompaniýasy özüniň nemes bäsdeşi “TKE” kompaniýasyny 29,4 milliard ýewro satyn alýandygyny yglan etdi. Fin metbugaty tarapyndan ýurduň taryhyndaky iň uly korporatiw söwda diýlip atlandyrylýan bu ylalaşyk “Kone” kompaniýasynyň gerimini tas iki esse artdyrar. Paýnamalar we nagt pul arkaly amala aşyrylýan bu iri söwdadan soň emele geljek täze birleşen toparyň ýyllyk girdejisiniň, takmynan, 20,5 milliard ýewro ýetmegine, dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bolsa 100 000-den gowrak işgäriň zähmet çekmegine garaşylýar. Häzirki wagtda “Advent” we “Cinven” maýa goýum gaznalarynyň konsorsiumyna degişli bolan “TKE” kompaniýasynyň satyn alynmagy bilen, täze dörediljek toparyň ştab-kwartirasy Finlýandiýada ýerleşer. Kompaniýanyň dolandyryşy bolsa “Kone” toparynyň häzirki baş direktory, fransuz Filipp Delormyň elinde galar.
PDF









