Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Suw durnukly ösüş üçin» 2018-2028 halkara hereketleriň onýyllygy boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Şu ýylyň 25-28-nji maýy aralygynda Duşanbede geçiriljek foruma bagyşlanan brifingi Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady. Brifinge Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen bir hatarda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Eýranyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Ermenistanyň ilçileri gatnaşdy.
Brifingde çykyş eden Täjigistanyň ilçisi öňde boljak halkara forum barada giňişleýin maglumat berdi. Ilçiniň bellemegine görä, bu brifing «Suw durnukly ösüş üçin», 2018-2028 halkara hereketleriň onýyllygy boýunça 4-nji ýokary derejeli halkara maslahatyna bagyşlanýar.
Diplomatyň belläp geçişi ýaly, suw adamzat maksatlarynyň ählisiniň diýen ýaly gurluşyny düzýän «binýatdyr». Suw meselesini çözmän, ykdysadyýetde ýa-da ekologiýada öňegidişlik gazanmak mümkin däl.
Suw diňe bir tebigy baýlyklaryň biri bolman, eýsem, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) 17-siniň her birine ýetmek üçin zerur bolan baglaýjy ugurdyr. Täjigistan suw başlangyçlaryny öňe sürmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup, 2000-nji ýyldan bäri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 7 sany kararnamanyň, şol sanda «Suw durnukly ösüş üçin, 2018-2028» halkara hereketleriň onýyllygynyň başlangyjynyň öňdebaryjysy boldy. Esasy başlangyçlar arassa agyz suwuna elýeterlilige, hyzmatdaşlygy ösdürmäge, buzluklary goramaga we Duşenbe suw prosesini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
PDF









