2020-nji ýylyň dowamynda Ýewropa sebitinde elektrik ulaglarynyň satuwy üç esse artar. Bu maglumaty «Transport & Environment» (Ulag we daşky gurşaw) guramasy taýýarlapdyr. Elektrik togy bilen işleýän hem-de gibrid görnüşli ulaglary şu ýyl Ýewropada satylan awtoulaglaryň 10-dan bir bölegini emele getirip, geçen ýylky satuwdan üç esse köp bolar.
Ýewropadaky awtoulag öndürijileriniň hapa gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin edýän tagallalarynyň netijesinde, geljek ýyl elektrik ulaglarynyň bazardaky paýy 15%-e ýeter. Bu çaklamalar 2020-nji ýylyň birinji ýarymyndaky maglumatlaryna esaslanyp taýýarlandy. Elektrik awtoulaglarynyň satuwy, Ýewropanyň daşky gurşawy goramak babatda amala aşyrýan maksatnamalarynyň çäklerinde işjeň ösýär diýip, guramanyň hünärmenleri belläp geçýär.
Elektroulaglara bolan isleg diňe Ýewropa ýurtlarynda däl, bütin dünýäde hem artýar. «Tech Xplore» portalynyň habaryna görä, geçen ýyl Norwegiýada 60 müň 316 elektroulag satylypdyr. Şeýlelikde, umumy ulaglaryň 42,4 göterimini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.
Maglumatlara görä, 2045-nji ýyla çenli dünýädäki ulaglaryň 16 göterimi elektrikli bolar. Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) maglumatyna görä, 2045-nji ýylda dünýädäki ulaglaryň umumy sany 2,6 milliard, elektroulaglaryň sany 430 million bolar. Häzirki wagtda dünýäde elektrik awtoulaglarynyň sany 7,2 milliondan geçdi. Bu ulaglaryň köpüsi Hytaýda we ABŞ-da jemlenendir.
Ogulbeg Annagurdowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.