Tej­ri­be

Adat­ça, ýu­murt­ga­ny su­wa sa­la­ny­myz­da çüm­ýär. Eý­sem, ony su­wuň ýü­zün­de durar ýa­ly edip bo­lýar­my­ka?
Ge­rek­li zat­lar:
ýu­murt­ga, ýu­murt­ga sy­gar ýa­ly gap, ýy­ly suw, duz, çem­çe.
Il­ki ýy­ly suw­ly ga­ba bir sa­ny ýu­murt­ga sa­lyň! Onuň su­wuň aşa­gy­na çü­men­di­gi­ni gö­rer­si­ňiz. Soň­ra emaý bi­len ony suw­dan çy­ka­ryň! Ga­byň için­dä­ki su­wa iki-üç na­har çem­çe­si duz atyň! Ma­za­ly ga­ryş­dy­ryp, du­zy ere­diň! Soň­ra häl­ki ýu­murt­ga­ny gaý­ta­dan ga­ba sa­lyň! Çüm­dü­mi, su­wuň ýü­zün­de­mi ýa-da or­ta­syn­da­my?

Nä­dip beý­le bol­ýar?

Şol bir ulu­lyk­da­ky iki ji­si­miň ag­ra­my deň bol­ma­n bil­ýär. Mu­nuň se­bä­bi ola­ryň dy­kyz­ly­gy bi­len baglydyr. My­sal üçin, pag­ta bi­len de­mir şol bir göw­rüm­de bol­sa­lar hem ag­ra­myn­da uly ta­pa­wut bol­ýar. Biş­me­dik ýu­murt­ga bi­len su­wuň dy­kyz­ly­gy bir-bi­ri­ne örän ýa­kyn bol­ýar. Ýu­murt­ga sä­hel­çe dy­kyz bol­ýar. Şol se­bäp­li, il­kin­ji sy­nag­da­ky ýu­murt­ga su­wa çüm­di. Eger suw (ýa-da baş­ga bir su­wuk­lyk hem bo­lup bi­ler) ýu­murt­ga­dan has dy­kyz bol­sa, ony çüm­dür­män ýü­zün­de sak­la­ýar.
Ikin­ji sy­na­ny­şyk­da su­wa go­şu­lan duz eräp, onuň dy­kyz­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, ýu­murt­ga su­wuň aşa­gy­na çüm­me­ýär. Su­wuň bel­li bir dy­kyz­ly­gy bo­lup, özün­den ýe­ňil ji­sim­le­ri ýo­ka­ry gal­dyr­ýar. Is­len­dik za­dy suw­da wag­ty ýo­ka­ry gal­dyr­mak ýe­ňil bol­ýar. Su­wuň ýo­ka­ry gal­dy­ry­jy güý­ji onuň dy­kyz­ly­gy­na gö­rä bol­ýar. Su­wuň dü­zü­min­de nä­çe köp duz (beý­le­ki mi­ne­ral­lar hem bo­lup bi­ler) bol­sa, dy­kyz­ly­gy ýo­ka­ry bo­lup, has agyr zat­la­ry çüm­dür­män sak­la­ýar. Şol se­bäp­li de­ňiz­de ýüz­mek köl­de ýa-da süý­ji suw­ly ho­wuz­da ýüz­mek­den aň­sat bol­ýar. El­bet­de, tol­ku­nyň tä­si­ri göz öňün­de tu­tul­ma­dyk ýag­da­ýyn­da.