Adatça gibrid ulaglarda elektrik energiýasy hem-de benzinli ýa-da dizel ýangyçly iki motor bolýar. “Volkswagen” kompaniýasy bolsa, benzinli hem-de gysylan gaz bilen işleýän ulagy işläp taýýarlady. “Golf” modeliniň sekizinji nesline degişli “Volkswagen Golf TGI”-iň gysylan gaz bilen işleýän görnüşi taýýar edildi. Awtoulag toparynyň “Seat” we “Skoda” ýaly brendlerinde hem ulanylýan bu tehnologiýa daşky gurşawa zyýansyzlygy hem-de tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Model ýangyjy kompaniýanyň beýleki modellerinden 25 göterim az sarp edýär. “Volkswagen Golf TGI”-niň gabarasynyň iki görnüşlisi bar. Gibrid ulagyň kuwwaty 130 at güýjüne barabar bolan 1,5 litrlik bezinli motory bar. 100 kilometrde 4,2 litr ýangyç sarp edýän ulag iki hereketlendirijiniň kňmegi bilen 422 kilometre çenli ýol geçýär.