1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni bolup, bu guramanyň agzasy bolan ýurtlarda bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk  biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny döretmek maksady bilen döredilýär. Dünýäniň iň köp agzasy bolan guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň taryhy bilen gysgaça tanyş bolalyň!

Birleşen Milletler Guramasy geçen asyryň ortalarynda dünýä döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi netijesinde döredilýär. Şol döwletleriň ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny döretmeklige bolan ymtylmalary halkara guramanyň döredilmegine esas bolýar. Halkara Gurama häzirki wagtda dünýäniň Garaşsyz ýurtlarynyň ählisi agza bolup durýar.

Garaşsyz Türkmenistan ösüşiniň ilkinji günlerinden başlap daşary ýurt döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup başlady. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyny özüniň strategik hyzmatdaşy hökmünde saýlap almagynyň esasynda ozaly bilen Türkmenistanyň we BMG-niň uzak möhletli maslahatlarynyň biri-birine laýyk gelmeginiň ýatandygyny nygtap geçeliň. Öz garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan turuwbaşdan döwletara gatnaşyklaryny güýç ulanmazlyk, taraplaryň bähbitlerini doly hasaba almak, uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlyk, meýletinlik, içeri işlere goşulmazlyk, medeniýetleriň we siwilizasiýalarynyň hemişelik gepleşigi, öňdebaryjy tejribäni we oňaýly ideýalary alyşmak, umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin güýçleri birikdirmek ýörelgeleri esasynda gurup başlady. Bularyň ählisi bolsa, BMG-niň maksatlaryna we Düzgünnamasyna, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň halklarynyň düýpli bähbitlerine doly laýyk geldi.

Hormatly Prezidentmiz «Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda bu barada şeýle diýdi: «Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy onuň uzakmöhletleýin milli maksatlarynyň we Guramanyň wezipeleriniň, ozaly bilen bolsa Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitlerinde döwletara gatnaşyklaryny sazlaşykly we durnukly ýola goýmakda, durnukly ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we gumanitar ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde şol maksatlaryň we wezipeleriň laýyk gelmegidir. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işleri BMG we onuň syýasy-diplomatik serişdelerine daýanmak arkaly alnyp barlar».

1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen halkymyzyň adatdan daşary taryhy möhüm waka bolup geçdi: şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasy özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul etdi. Netijede, biziň ýurdumyz halkara hukugynyň doly hukukly subýekti boldy.

Şunlukda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň ýokary derejede guraýan mejlislerine yzygiderli gatnaşmak bilen, olarda halkara bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýän, bütin adamzady tolgundyrýan häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär, özüniň dünýäniň iri parahatçylyk dörediji merkeziniň derejesini tassyklaýar. Şol başlangyçlar häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça halkara gepleşikleri çaltlaşdyrmaga badalga berýär, döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitleýin we global hyzmatdaşlygyň has täsirli ýollarynyň döremegine ýardam edýär, adamzadyň öňünde dürli derejelerde duran meseleleriň çözgüdine özüniň barha saldamly goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. 

Laçyn BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.