Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döwlet Baştutanymyz ýur­du­myz­da Prezident Mak­sat­na­ma­syn­dan ugur al­nyp, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da de­giş­li ha­sa­bat­la­ry diň­le­di hem-de öň­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin öwüt-ne­si­hat­la­ry­ny ber­di.
Il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­we söz be­ril­di. Wi­se-prem­ýer oba­se­na­gat top­lu­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da gök-bak­ja we mi­we önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak hem-de ila­ty­my­zy bu önüm­ler bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl­da Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça de­giş­li meý­da­na ýe­ral­ma, gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri ekil­di. Şu gün­ler azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg edil­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da mi­we­li bag­la­ry we üzüm na­hal­la­ry­ny ek­mek hem-de ola­ryň ekil­ýän meý­dan­la­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da mal­dar­çy­ly­gy ös­dür­mek, mal­la­ryň baş sa­ny­ny we olar­dan alyn­ýan önüm­le­riň muk­da­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Pu­da­gyň ot-iým bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba­se­na­gat top­lu­my­ny do­lan­dyr­mak ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň hem-de onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Pu­da­gyň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi, eke­ran­çy­la­ryň we mal­dar­la­ryň zäh­me­ti­ni hö­wes­len­dir­ýän ne­ti­je­li gu­ral­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy bu işe ýar­dam et­me­li­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kuw­wat­lyk­la­ry art­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri M.Baý­ram­dur­dy­ýew çy­ky­şyn­da milli Liderimiziň yzy­gi­der­li gol­daw-ýar­dam ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, oba­se­na­gat top­lu­my­ny düýp­li öz­gert­mek, döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ýer se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan, pu­da­gy mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, onuň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge yl­my taý­dan çe­me­leş­me­giň, önüm­çi­lik­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň iň go­wy tej­ri­be­si­ni iş­jeň ulan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nist­ri O.Gur­ban­na­za­ro­wa söz be­ril­di.
Ha­sa­bat­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, söw­da top­lu­myn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Mi­nistr­li­giň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni ýe­ter­lik de­re­je­de we el­ýe­ter­li üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Şu mak­sat bi­len, ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den we ze­rur­lyk bo­lan ýag­da­ýyn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ha­ryt­la­ry sa­tyn al­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem azyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da we söw­da no­kat­la­ryn­da ha­ryt­la­ryň nyrh­la­ry­na hem-de üp­jün­çi­li­gi­ne gün­de­lik sel­jer­me iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­ny we dü­kan­la­ry­ny ze­rur ha­ryt­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, azyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol ha­ryt­lar ila­ty­my­za el­ýe­ter­li ba­ha­dan hö­dür­le­nil­me­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, mi­nist­re ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­ler­den ze­rur ha­ryt­la­ryň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy­na hem-de şo­la­ryň ilat üçin el­ýe­ter­li­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy D.Hu­daý­ber­di­ýew azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça hu­su­sy­ýet­çi­le­riň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň he­ma­ýat ber­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge uly go­şant goş­ýar­lar. 2020-nji ýy­lyň ýan­war-sent­ýabr aý­la­ryn­da oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň möç­be­ri, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 131,2 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Tä­ze, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny peý­da­lan­mak esa­syn­da guş­çu­lyk pu­da­gy iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan guş eti­ni ön­dür­mä­ge hem-de ýu­murt­ga ön­dür­mek üçin ni­ýet­le­nen guş­çu­lyk top­lum­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Şo­nuň bi­len bir wagt­da, tä­ze guş­çu­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry ýu­murt­ga we guş eti bi­len do­ly üp­jün edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň gur­lan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, şo­lar­da dür­li gör­nüş­li gök önüm­le­riň, şol san­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­riň ýe­tiş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Mun­dan baş­ga-da, mi­we­li bag­lar we üzüm eki­lip, ýo­ka­ry ha­syl­ly saý­la­ma gör­nüş­li mi­we­ler ön­dü­ri­lip, ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ry bu önüm­ler bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar, şo­lar­da mi­we­ler ka­ka­dyl­ýar hem-de se­na­gat de­re­je­sin­de mi­we şi­re­le­ri ön­dü­ril­ýär.
Da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan kär­ha­na­lar­da süý­ji-kö­ke önüm­le­ri, dür­li iç­gi­ler, şöh­lat önüm­le­ri, to­mat go­ýalt­ma­sy, ma­ýo­nez ýa­ly önüm­ler ön­dü­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­ne ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de hem-de Wa­ta­ny­my­zyň se­na­gat we eks­port kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak­da uly orun be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni art­dyr­mak, gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek hem-de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ba­dal­ga ber­len giň ge­rim­li iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, bir­leş­mä­niň baş­ly­gy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­lar ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. Wi­se-prem­ýer mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şo­la­ryň esa­syn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­ler dö­re­di­lip, gün­de­lik sarp edil­ýän önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi bar­ha art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da sarp ediş ba­zar­la­ry­myz öz ön­dür­ýän azyk önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edil­ýär. Bu ugur­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler azyk önüm­le­ri­niň da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän muk­da­ry­nyň ýyl-ýyl­dan azal­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur al­nyp, gü­ne­ba­kar ýa­gy­ny, mes­ge we mar­ga­rin ýag­la­ry­ny, şe­ker, ba­nan we sit­rus ýa­ly da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän mi­we­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan mal­dar­çy­lyk hem-de guş­çu­lyk top­lum­la­ry­ny gu­rup, işe gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
TSTB-niň ag­za­la­ry­nyň ta­gal­la­sy bi­len, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, şol san­da suw tyg­şyt­laý­jy ul­gam­lar or­naş­dy­ry­lan ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň 138-si gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di we şeý­le des­ga­la­ryň ýe­ne-de 147-si­niň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär.
Bu ýy­la­dyş­ha­na­lar­da ön­dü­ril­ýän eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li gök önüm­ler içer­ki ba­zar­la­ry üp­jün et­mek bi­len bir­lik­de, eks­por­ty art­dyr­ma­ga-da müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ila­ty­my­zy ýy­lyň äh­li pa­syl­la­ryn­da ter gök önüm­ler bi­len üp­jün et­mek üçin so­wa­dy­jy am­mar­lar gu­rul­ýar. Şo­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len bu önüm­le­riň sak­lan­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň oba­se­na­gat top­lu­myn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we eks­port ugur­ly önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak hem-de şo­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da­ky te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de gol­da­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re söw­da top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak we azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri öw­ren­mek hem-de do­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak, aly­jy­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça-da bir­nä­çe tab­şy­ryk­lar ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ry ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki ýag­daý­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň ýag­da­ýy yzy­gi­der­li sel­je­ril­ýär we döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li çä­re­ler kes­git­le­nil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň hem-de azyk önüm­le­ri­niň el­ýe­ter­li­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler berk gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dyr di­ýip bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer­li ba­zar­la­ry özü­miz­de ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li önüm­ler bi­len mun­dan beý­läk-de do­ly üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li dü­züm­ler ta­ra­pyn­dan azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry jem­läp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek hem-de bu ugur­da yzy­gi­der­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, pu­da­gy san­ly ul­ga­ma ge­çir­mä­ge, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dür­li gör­nüş­li azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.