«Volcon Grunt» at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýän mo­to­sikl oba ýe­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry üçin ni­ýet­le­nip­dir. Kuw­wat­ly bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýan ula­gyň ti­gir­le­ri trak­to­ryň­ka meň­zeş bo­lup, kuw­wa­ty 50 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 160 km ýol geç­ýär. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren bu ula­gy­na has uzak ara­ly­ga sür­mek üçin aň­sat­lyk bi­len çal­şyp bol­ýan goş­ma­ça ba­ta­re­ýa hem da­kyp bol­ýar. Ula­ga öý şert­le­rin­de 2 sa­ga­dyň do­wa­myn­da zar­ýad be­rip bol­ýar. Ýo­ka­ry tiz­li­gi 96 km/sa­ga­da ýet­ýän mo­tor ar­ka­ly ki­çi­räk ýük­le­ri hem da­şap bol­ýar. Mo­to­sik­liň ba­ha­sy­nyň 6 müň dol­lar­dy­gy we in­di­ki ýyl­dan baş­lap, sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Tä­sin ula­gyň baş­ga gör­nüş­le­ri­niň hem çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Mo­to­sikl elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, suw­ly ýer­ler­den hem ge­çip bil­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa «Stag» hem-de «Beast» at­ly kwad­ra­sikl­le­ri hem ön­dür­me­gi mak­sat edi­n­ýär. Oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­ma­ga ni­ýet­le­nen bu ulag­la­ryň 2022-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.

Ba­tyr Jom­ma­now,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.