Tyg­şyt­ly ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Su­zu­ki» kom­pa­ni­ýa­sy 10 ýyl­dan bä­ri «Aras­sa um­man tas­la­ma­sy» at­ly mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Aw­tou­lag­la­ry, mo­to­sikl­le­ri we ga­ýyk­la­ry ön­dür­ýän ýa­pon bren­di de­ňiz su­wu­ny aras­sa­la­ýan mo­to­ry iş­läp taý­ýar­la­dy. As­lyn­da bu mo­tor ýö­ri­te suw aras­sa­laý­jy en­jam bol­man, ga­ýyk­la­ryň mo­to­ry­na da­kyl­ýan süz­güç­den yba­rat. Tä­ze oý­la­nyp ta­py­lan en­jam ga­ýyk­la­ryň mo­to­ry­ny so­wat­mak üçin de­ňiz su­wu­ny aras­sa­la­ýar. Adat­ça, ki­çi göw­rüm­li ga­ýyk­la­ryň yzy­na da­kyl­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri so­wat­mak üçin de­ňiz su­wy ula­nyl­ýar. Ýa­pon hü­när­men­le­ri mo­to­ry so­wad­ýan şol ul­ga­ma su­wuň dü­zü­min­dä­ki mik­rop­las­tik­le­ri tut­ýan süz­güç ýer­leş­di­rip­dir­ler. Şeý­le­lik­de, suw aras­sa­la­nan­dan soň­ra gaý­ta­dan deň­ze goý­be­ril­ýär. Bu ul­ga­myň mo­to­ryň kuw­wa­ty­na hiç hi­li ze­per ýe­tir­me­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­dan sy­nag­dan ge­çi­ri­len bu ul­ga­myň dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem ula­ny­şa goý­be­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ul­ga­myň dür­li gör­nüş­li suw­lar üçin aý­ra­tyn gör­nüş­le­ri­niň iş­le­nip taý­ýar­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­dan baş­lap, is­leg bil­dir­ýän müş­de­ri­le­ri­ni bu ul­gam bi­len üp­jün eder. Plast­mas­sa zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak hem-de te­bi­ga­ty aras­sa­la­mak üçin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän «Su­zu­ki» soň­ky ýyl­lar­da öz ha­ryt­la­ry­ny gap­la­nyn­da has az plast­mas­sa ma­te­ri­alyn­dan peý­da­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa plast­mas­sa ma­te­ri­al­la­rynyň ýe­ri­ne al­ter­na­tiw çig mal­lar­dan peý­da­lan­ýar.

Je­ren Aşyr­mäm­me­dowA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň talyp hakynyň eýesi.