Dürli ýurtlarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Hökümetler şeýle awtoulaglary öndürijilere we bu ulaglaryň sürüjilerine dürli ýeňillikler döredýär. «Fiat Chrysler» kompaniýasynyň «Fiat 500» modeli 19 müň 900 ýewrodan satuwa çykaryldy. Italiýada hereket edýän kanunçylyga görä, munuň 6 müň 600 ýewrosyny döwletiň özi töleýär. Täze ulag ilki bilen Milanda satuwa çykaryldy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwýer Fransis ulagyň beýleki nusgalarynyň 23 müň 700 we 25 müň 200 ýewrodan satyljakdygyny mälim etdi. «Fiat 500» ulagynyň iň arzan görnüşi bir gezekki zarýady bilen 185 kilometr ýol geçýär. Beýleki nusgalarynda bolsa bu görkeziji 320 km. Kompaniýa 2018-nji ýylda elektroulaglary kämilleşdirmek üçin 5 milliard dollar bölüp berjekdigini mälim edipdi. Täze elektroulaglar bu taslamanyň çäklerinde satuwa taýýar edildi.
Merdan Kerimow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.