«Interbrand» konsalting kompaniýasy 2020-nji ýylda dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň reýtinginiň täze neşirini taýýarlady. Bu barada edilen seljermelere görä, sanawda 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 2020-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli alnan maglumatlar esas hökmünde ulanyldy.
Reýtingde ilkinji bäş orny «Apple», «Amazon», «Microsoft», «Google» we «Samsung» eýeledi. Awtoulag bazarynyň ägirdi hasaplanýan «Toyota» kompaniýasy bu sanawda 7-nji orny eýeledi. Ýapon awtoulag öndürijisiniň bahasy 51,595 milliard dollar boldy. «Toyota» kompaniýasynyň bahasy ýylyň dowamynda 8 göterim pese gaçdy. Awtoulag reýtinginde ikinji ýeri «Mersedes-Benz» (8-nji ýer, 49,268 milliard dollar, -3%) eýeledi.
Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň sanawynda awtoulag bazarynyň öňdebaryjylaryndan «Honda» (20-nji ýer, 21,694 milliard dollar, -11%), «Hyundai» (36-njy ýer, 14,295 milliard dollar, + 1%) we «Tesla» (40-njy ýer, 12,785 milliard dollar) ýaly kompaniýalar hem orun aldy.
1988-nji ýylda «Interbrand» kompaniýasy brendlere pul babatda baha usulyýetini «ISO 10668» tassyknamasyna eýe bolan ilkinji kompaniýa boldy hem-de bu standardyň ösmeginde goşant goşdy. Kompaniýa tarapyndan taýýarlanan nobatdaky sanaw 21-nji hasabat bolup durýar.
«Interbrand» brendlere köp ugur boýunça baha berýär. Olaryň käbiri: maliýe görkezijileri, satyn almak kararlarynda markanyň roly we bäsdeşlik ukyby.
Annamyrat MEREDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.