1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygy bilen tapawutlandy. Ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy halkymyzy ruhubelentlige atarýar. Mähriban Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmakda we olar bilen dürli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýp özeninde agzybirligiň, parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryň mynasyp orny eýeleýändigini dünýä ýaýdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygynyň ykrarnamasydyr.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi her birimizi ruhubelentlige atarýar. Bu şanly günlerde baýramçylyk mynasybetli birnäçe desgalar dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Saglyk» binasy hem-de ýaşaýyş jaýlary, 200 orunlyk «Bagabat» şypahanasy we oňa barýan 23 kilometrlik awtomobil ýoly, Gökdepe etrabyndaky 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda iri ýaşaýyş toplumynyň, awtomobil ýolunyň, «Türkmen alabaýy» heýkeliniň hem-de Söwda we dynç alyş merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda bolsa Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu şanly senä gabatlanyp dürli medeni çäreler we dabaralar, şol sanda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyjy bilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, yzygiderli durmuşa geçirilýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli «Açyk gapylar» syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty dowamat dowam bolsun!
Jemal Atajanowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.