Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen awtomobil sportuny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz halkymyzyň saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyny mydama üns merkezinde saklaýar. Bu babatda Diýarymyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny berkitmekde köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we sport medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllaryndan başlap, awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandy we dürli ýaryşlara gatnaşdy. Hut milli Liderimiziň başlangyjy we goldaw bermegi netijesinde, paýtagtymyzda awtomobil sporty merkezi açyldy, ýokary tizlikli sport awtoulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär, bu bolsa ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyny höweslendirýär. 2018-nji ýylda ýurdumyzda «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň geçirilmegi ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyrdy.
Paýtagtymyzda hereket edýän Sport ulag merkezi ýurdumyzda bu sporta bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna getirdi. Awtomobil sporty merkezinde köp ýaryşlar, şol sanda milli derejede çempionatlar geçirildi. Merkeziň düzümleri ösdürildi, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy, sport awtoulaglarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Bu ýerde «Volkicar», «Renault», «Mitsubishi Lancer», «Alfa Romeo» ýaly sport awtoulaglary, şeýle hem karting bäsleşikleri üçin kiçi bolidler, kwadrasikller we beýlekiler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň şahsy hyzmatlary örän uludyr.
Ine, şeýle ajaýyp döwürde, ýagny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli birnäçe ýaryşlar guraldy. Milli baýramçylyga bagyşlanyp, awtomobil sportunyň toparlaýyn «Volkicar» we ýekelikde «Volkicar-drift» görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi. Şeýle hem «Garagum-ýalkym» ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Ralli ýaryşyna awtomobil sportunyň wekilleriniň toparlary gatnaşdy. Sport ulaglarynyň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edýän türgenler Garagum sährasynyň çäginde 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşarlar. Ýurdumyzda şunuň ýaly ýaryşlary guramak üçin oňyn tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisinde türkmen türgenleri sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edip, ýokary netijeleri gazandylar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçirilen ýaryşlary ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri gurady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa şu ýaryşlaryň hemaýatkäri bolup çykyş etdi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan «Garagumuň ýalkymy» atly alawyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.
Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar. Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde awtomobil sportunyň «Volkicar-drift» boýunça toparlaýyn, «Volkicar» hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşlar hem ýurdumyzda awtomobil sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini görkezdi. Türgenleriň sport ulagyna ussatlyk bilen erk edýändigini görkezen bäsleşikler ýurdumyzda sportuň bu görnüşlerini wagyz etmekde görülýän çäreleriň netijelidigine şaýatlyk edýär.
Gözel ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.