Elektroulaglaryň iň köp satyn alynýan Ýewropa ýurtlarynyň biri Portugaliýadyr. 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda bu ýurtda satyn alnan ulaglaryň 11 göterimi elektroulaglardan ybarat boldy. Bu barada Ulag we daşky gurşaw boýunça Ýewropa federasiýasy habar berdi.
«Missiýa berjaý edildi» atly hasabat bolsa, «Zero» daşky gurşaw birleşigi tarapyndan mälim edildi. Hasabatyň başyny Norwegiýa çekip (69%), ondan soň Şwesiýa (26%), Finlýandiýa (15%) we Niderlandlar (13%) gelýär.
«Zero»-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Norwegiýanyň ýokary görkezijisi, esasan, amatly salgyt düzgünleri we zarýad beriş infrastrukturasynyň kämil ulgamy bilen baglanyşyklydyr. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň umumy satuwynda elektroulaglaryň paýy 10 göterime çenli ýeter diýlip garaşylýar.