“xAI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask «Grok Imagine» emeli aň generatorynyň kömegi bilen Gomeriň «Odisseýa» poemasynyň sýužetine esaslanýan taryhy taýdan takyk we esere gyşarnyksyz eýerýän doly metražly çeper filmiň dörediljekdigini habar berdi. Bu barada işewür «X» sosial torundaky resmi sahypasynda mälim edip, degişli taslamanyň gysga wagtyň içinde – şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny belledi.
Işewür tarapyndan bildirilen bu başlangyç häzirki wagtda dünýä prokatynda görkezilýän režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň daşyndaky jedeller bilen baglydyr. Nolanyň taslamasy ilkinji dynç günlerinde 264,1 million dollar kassa ýygymyny toplan hem bolsa, tomaşaçylar hem-de hünärmenler tarapyndan ýiti tankytlara uçrap gelýär. Esasan hem, filmiň taryhy takyklygynyň pesligi, antik döwrüň gämileriniň wiking drakkarlaryna, Agamemnonyň sowudynyň bolsa Betmeniň geýimine meňzedilmegi uly nägilelik döretdi. Şeýle hem kasting çözgütleri, hususan-da, Ýelenanyň keşbi üçin garaýagyz aktrisa Lupita Niongonyň saýlanmagy meşhur gahrymanlaryň asyl keşpleriniň üýtgedilmegi hökmünde gahar-gazap bilen garşylandy.
Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteueý, Zendeýa, Robert Pattinson we Şarliz Teron ýaly tanymal aktýorlaryň keşp janlandyran Nolanyň filminde Troýa urşundan soň öýüne gaýtmaga synanyşýan Itaka patyşasynyň başyndan geçiren wakalary beýan edilýär. Ilon Maskyň pikiriçe, «Grok Imagine» emeli aňy arkaly dörediljek täze taslama Golliwud tarapyndan goýberilen bu kemçilikleri düzedip, nusgawy eseriň hakyky ruhuny tomaşaçylara ýetirmäge mümkinçilik berer.
PDF









