Adamlaryň, esasan hem ýaşlaryň arasynda dert-alada, aýrylyşmak we şahsy çökgünlikler barada “ChatGPT” bilen söhbetdeş bolmak adaty ýagdaýa öwrülýär hem-de emeli aňy emosional goldaw üçin ulanmak onuň iň köp ýaýran ugurlarynyň birine öwrüldi. Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde 1 milliarddan gowrak adam psihologik kynçylyklardan ejir çekýän bolsa, “Harvard Business Review” hem-de “AXA Mind Health”-iň barlaglary ilatyň ululy-kiçili böleginiň psihiki saglygy barada emeli aň gurallaryna ýüzlenýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýanyň “The Guardian” gazetiniň geçiren derňewi emeli aňyň käte näsaz ýa-da kontekstden çykarylan lukmançylyk maglumatlaryny berip biljekdigini görkezdi, bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Emeli aň hakyndaky kanunynda saglygy goraýyşdaky emeli aň ulgamlaryna iň berk talaplary girizmegine sebäp boldy.
Psihologlar Mariýa Fernanda Krus Urkisa we Sesiliýa Paredes Aldamanyň bellemegine görä, adamlaryň “ChatGPT”-ä ýüzlenmeginiň sebäbi onuň elýeterliligi, çekinmän içki dertleriňi paýlaşmak mümkinçiligi hem-de aladalanmalary çalt gowşatmagydyr. Şeýle-dem bolsa, hünärmenler emeli aňyň «aşa duýgudaş» we hyzmatkär äheňe eýedigini, onuň adam bilen emosional taýdan diňe ylalaşyp, hakyky ýagdaýy ýalňyş düşündirmäge we hatda özüňi söýmek häsiýetlerini berkitmäge getirip biljekdigini duýdurýarlar. Bilermenleriň ikisi hem emeli aňyň alada derejesini peseltmekde hem-de ilkinji ädim hökmünde peýdaly gural bolup biljekdigini, emma onuň doly bahaly terapiýanyň we adamlaryň arasyndaky hakyky duýgudaşlyk gatnaşyklarynyň ornuny tutup bilmejekdigini nygtaýarlar.
PDF









