31-nji okt­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da tä­ze Ber­lin-Bran­den­burg hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ula­nyl­ma­ga be­r­ler. «Wil­ly Brandt» at­ly bu ho­wa men­zi­li açy­lan­yn­dan soň, 8-nji no­ýabr­da şä­he­riň iň uly Ber­lin-Te­gel ho­wa men­zi­li ýa­py­lar. Bu ho­wa men­zi­li ýyl­da 22 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär­di. Tä­ze ho­wa men­zi­li, esa­san, Ýew­ro­pa şä­her­le­ri­ne we dynç alyş ýer­le­ri­ne uçuş­la­ry, şeý­le hem bir­nä­çe yk­ly­ma­ra gat­naw­la­ry üp­jün eder.
2006-njy ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan tä­ze ho­wa men­zi­lin­de iki ter­mi­nal bo­lar. Onuň ýyl­da 28 mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­ça hyz­mat et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Tä­ze ho­wa men­zi­li Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň ikin­ji ho­wa men­zi­li Şe­ne­fel­diň beý­le­ki ta­ra­pyn­da gu­rlup, ola­ra bir ýol bi­len ba­ryl­ýar.