Welosport “Gran Tur” ýol ýaryşlarynyň iň esasy 2-nji bäsleşigi “Giro d’Italia” tamamlandy. Pandemiýa sebäpli adaty geçirilýän wagtyndan 4 aý soň guralan ýaryşda Beýik britaniýaly Teo Geýgan Hart ýeňiji boldy. Britaniýanyň “Ineos Grenadiers” toparynyň 25 ýaşly sürüjisi soňky tapgyrda umumy sanawda 1-nji orny eýeläp, garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Diňe 15-nji we 21-nji tapgyrlarda ýeňiji bolan Teo Geýgan Hart soňky tapgyrda Jeý Hindliden öňe saýlanmagy başardy. Hart 3361,4 kilometrlik aralygy 85 sagat 40 minut 21 sekuntda tamamlamagy başardy. Garaşylmadyk bu ýeňiş 25 ýaşly türgeniň ilkinji çempionlygy boldy. 103-nji gezek geçirilen ýaryşda ýeňijiden 39 sekunt yza galan “Team Subway” toparynyň türgeni Jeý Hindli 2-nji, toparyň başga welosportçysy, 18-19-njy tapgyrlarda umumy sanawda öňe saýlanan Wilko Kelderman 3-nji ýeri eýeledi. 3-nji tapgyrda gülgüne köýnekçäni geýip, 17-nji tapgyra çenli umumy sanawda iň öňdäki orny özünde saklan Žoao Almeida 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.