Ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Keýt Ru­bins 3-nji no­ýabr­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­law­la­ry­na kos­mos­dan ses ber­di. Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de iş alyp bar­ýan NA­SA-nyň ast­ro­naw­ty Ru­bins üçin be­ket­de ýö­ri­te elekt­ron saý­law býul­le­te­ni taý­ýar­lan­dy. Ru­bins kos­mos­dan saý­law­la­ra ses ber­me­gi­niň özi üçin buý­sanç­dy­gy­ny bel­le­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ze­nan ast­ro­nawt 2016-njy ýyl­da­ky saý­law­lar­da hem Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­den ses be­rip­di. Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­dä­ki kos­mo­nawt­lar öz ýurt­la­ryn­da­ky saý­law­la­ra gat­na­şyp bil­ýär­ler. Keýt Ru­bins 15-nji okt­ýabr­da Ser­geý Ry­ži­kow we Ser­geý Kud-Swerç­kow ýa­ly kos­mo­nawt­lar bi­len bi­le­lik­de Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­di­ne çy­kyp­dy­. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu uçuş 3 sa­gat­dan sä­hel gow­rak wagt­lap do­wam edip, iň gys­ga uçuş bo­lup­dy. Kos­mo­nawt­lar Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de bo­lan döw­rün­de de­giş­li mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da yl­myň dür­li ugur­la­ryn­dan sy­nag­la­ry ge­çir­ýär­ler.