Awst­ra­li­ýa­da­ky uly mer­jen rif ul­ga­my dün­ýä­niň te­bi­gy ýe­di tä­sin­li­gi­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­niň iň uly mer­jen ri­fi bo­lan su­was­ty ekoul­gam­da be­ýik­li­gi 500 met­re ba­ra­bar mer­jen «di­ňi» ta­pyl­dy. Dik su­was­ty de­pe dün­ýä­niň «Em­pi­re Sta­te», Eý­fel di­ňi we Pet­ro­na­syň go­şa diň­le­ri ýa­ly dün­ýä­niň be­lent yma­rat­la­ry­nyň kö­pü­sin­den be­ýik. Şeý­le­lik­de, alym­lar soň­ky 120 ýyl­da il­kin­ji ge­zek tä­ze ri­fiň üs­tü­ni aç­dy­lar. Bu açyş Şmidt um­man ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň üç öl­çeg­li su­was­ty kar­ta­ny taý­ýar­la­ýan wag­ty ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tä­ze ta­py­lan ri­fiň be­ýik­li­gi şol tö­we­rek­dä­ki beý­le­ki se­kiz ri­fiň äh­li­sin­den hem uzyn. Kuk uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Ro­bin Bi­ma­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hü­när­men­ler bu rif ba­ra­da has jik­me-jik mag­lu­mat al­mak üçin su­was­ty ro­bot ar­ka­ly ony su­ra­ta al­dy­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, şu ýy­lyň ap­re­lin­de hü­när­men­ler Awst­ra­li­ýa­nyň gün­ba­tar ke­nar­la­ryn­da tä­ze jan­da­rla­ryň je­mi 30-sy­nyň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Ola­ryň ara­syn­da uzyn­ly­gy 45 met­re ýet­ýän de­ňiz jan­da­ry hem bar­dy. Aw­gust­da bol­sa, Uly mer­jen ri­fin­de mer­je­niň 5 sa­ny tä­ze gör­nü­şi­ni tap­dy­lar.
Uly mer­jen ri­fi bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly 2 müň 900 ri­fi we 900 ada­ny öz içi­ne al­ýar. Onuň çä­gi 344 müň 400 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, dün­ýä­niň iň uly rif ul­ga­my ha­sap­lan­ýar.
Baý bio­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ul­ga­myň çä­gin­de suw­da ýa­şa­ýan süý­dem­di­ri­ji­le­riň, pyş­dyl­la­ryň, ba­lyk­la­ryň, mer­jen­le­riň we beý­le­ki jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Se­bit 1981-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.