Güýz pas­ly mi­we­dir gök önüm­le­riň ha­sy­ly­nyň has köp ýyg­nal­ýan wag­ty ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, iň uly gök önüm­le­riň ulu­ly­gy nä­hi­li­räk­kä?
Gar­pyz dün­ýä­de iň köp ha­sy­ly alyn­ýan bak­ja ekin­le­riniň bi­ri­dir. Uly gar­pyz­la­ryň ag­ra­my ortaça 8-10 ki­log­ram bol­ýar. Ame­ri­ka­ly Çri Kent at­ly daý­han ag­ra­my 159 ki­log­ram bo­lan gar­pyz ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir. Kent ça­ga­ly­gyn­dan bä­ri gar­pyz ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýan­dy­gy­ny, mel­le­gi­niň mes top­rak­ly­dy­gy­ny aýd­ýar. Bu re­kord 2013-nji ýyl­da ha­sa­ba alyn­dy.
Ho­wa­nyň so­wap baş­la­ma­gy bi­len li­mo­na is­leg ýo­kar­lan­ýar. Adat­ça, bir li­mon 55-60 gram tö­we­re­gi bol­ýar. Ys­ra­ýyl­ly Aha­ron Seh­mo­el 2003-nji ýyl­da ag­ra­my 5 ki­log­ra­ma, uzyn­ly­gy 74, ini 35 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan li­mon ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di. Li­mon ek­wa­to­ra go­laý bo­lan ys­sy we gu­rak ho­wa­ly ýer­ler­de has go­wy ha­syl ber­ýär.
ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da Pät­rik we Jo­an­ne Fýed­ler ulu­ly­gy 63 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan pyr­ty­ka­lyň ha­sy­ly­ny al­ýar­lar. Bu re­kord 2006-njy ýyl­dan bä­ri tä­ze­len­me­di.
Dür­li na­har­la­ra öz­bo­luş­ly ta­gam ber­ýän so­gan­lar sag­lyk üçin hem iň peý­da­ly bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. So­gan­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, ola­ryň her bi­ri­niň ag­ra­my adat­ça 100-280 gram ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ang­li­ýa­da ýa­şa­ýan Pe­ter Gla­zeb­ruk ki­çi­li­gin­den bä­ri daý­han­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýar. Ol uly bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şo­nuň üçin hem, he­mi­şe di­ýen ýa­ly eki­niň iň go­wy to­hum­la­ry­nyň göz­le­gin­de bol­ýar. Gla­zeb­ru­gyň bu zäh­me­ti ne­ti­je ber­ýär. Ol bak­ja ekin­le­ri­niň ulu­ly­gy bo­ýun­ça bir­nä­çe re­kor­dyň eýe­si­dir. Gla­zeb­ruk dün­ýä­niň iň uly so­ga­ny­ny, ýe­ral­ma­sy­ny we reňk­li ke­le­mi­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär.
Al­ýas­ka­ly Skott Rob­buň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren äpet ke­le­mi gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Onuň ag­ra­my 60 ki­log­ram. Ke­le­miň or­ta­ça ag­ra­my­nyň 2-3 ki­log­ram­dy­gy göz öňün­de tu­tu­lan­da bu gör­ke­zi­ji örän ýo­ka­ry.
Bal kä­di­ler aş­ha­na­da has köp ula­nyl­ýan bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri­dir. Gy­şa du­ru­jy­ly­gy ýo­ka­ry bo­lan­soň, bol ha­sy­ly hem alyn­ýar. Ame­ri­ka­ly daý­han Ron Wal­le­siň eken kä­di­le­ri­niň bi­ri­niň ag­ra­my bir ton­na­dan ge­çip­dir.

Ke­rim­ber­di Ata­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.