1-nji noýabrda Moldowa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Ýewropanyň tarapdary hereket we raýdaşlyk partiýasynyň lideri Maýýa Sandu sesleriň 35,94 göterimine, häzirki döwlet baştutany Igor Dodon bolsa, 32,75 göterimine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw topary sesleriň 99,58 göterimini sanandan soň mälim etdi. Maglumatlara görä, sekiz dalaşgäriň hiç biri-de zerur bolan 50 göterimden köp sesi gazanyp bilmedi. Saýlawlara gatnaşyk 43 göterim töweregi boldy. Saýlawlaryň ýeňijisi 15-nji noýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda belli bolar. Moldowada öňki Prezident saýlawy 2016-njy ýylyň 13-nji noýabrynda geçirilipdi. Igor Dodon şol ýylyň 23-nji dekabrynda döwlet baştutany wezipesine girişipdi.