1-nji noýabrda Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ilkinji internet-sergisi milli Liderimiziň halk hojalygy toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini, şeýle hem 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat işini ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär.

Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köp sanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrylýar.

Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýär.

Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.

Serginiň çäklerinde Watanymyzyň dünýä ulgamyna işjeň goşulýan täze ykdysady ugrunyň kemala gelýändigi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, onuň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň oňyn guraly giňden beýan edilýär.

Ýeri gelende aýtsak, soňky wagtlarda dünýäniň iri halkara sergileri wirtual görnüşde guralýar. Geografik taýdan çägi bolmadyk bu täze usul arkaly guralýan sergä internet elýeterliligi bolan islendik ýerden görüp bolýar. Şeýlelikde has uzak aralykdaky hünärmenler, müşderiler, işewürler we beýleki gyzyklanma bildirýän adamlar sergi barada giňişleýin maglumat alyp bilýärler.

Serginiň sahypasyna https://virtualexpo.gov.tm/ saýty arkaly girip bilersiňiz.