2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Toparyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.
Mejlisiň barşynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň işiniň kämilleşdirilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Häzir özbaşyna medeni hem-de taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýän üç sany iri taryhy-medeni goraghanalar – «Gadymy Merw», Köneürgenç we Gadymy Nusaý Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi bellenildi. Şol sanda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Mejlisiň barşynda bagşyçylygyň saz – şygryýet sungatynyň iň gadymy hem-de özboluşly ýörelgeleriniň biridigi bellenildi, sungatyň şu görnüşine türkmen halkynyň taryhynda aýratyn orun degişlidir. Ýerine ýetirijilik sungatynyň bu ýolunyň birnäçe ugurlary bar, şunda bagşy-ozanlara aýratyn orun degişlidir.
Çykyş edenler halk döredijilik sungatynyň taryhy-medeni taýdan ylmy-wagyz görnüşinde düýpli öwrenilmeginiň milli ruhy gymmatlyklaryň, şol sanda bagşyçylyk ýörelgeleriniň dowamatlylygyny gorap saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.
Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarlydygyny aýtdylar.
Türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girmek meýilnamalary barada habar berdi, munuň özi medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, öz çäkleriniň durnukly ösdürilmegine maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berer.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýola goýlandygy bellenildi.
Çykyş edenler häzirki wagtda seýisleriň we atşynaslaryň döwlet Baştutanymyzyň arassa ganly behişdi bedewleriň baş sanyny köpeltmek maksady bilen döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bedewleriň tohumyny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýandyklaryny, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny dowam etdirmek bilen, olaryň bu pudagyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşandyklaryny, özleriniň aýratyn zehinlerini hem-de çäksiz söýgüsini siňdirendiklerini aýtdylar.
Milli toparyň birinji mejlisine gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, halk seçgiçileriniň bu naýbaşy ýörelgeleri täsin sungat hökmünde nesilden-nesle geçirilýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hukuk kemsidilmelerine garşy göreş hakynda, medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek hakynda hem-de ýokary bilim babatynda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri barada guramasynyň işleri boýunça (ÝUNESKO) Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisiniň barşynda şeýle hem sanly ulgam taslamalarynda, maglumatlary alyşmak hem-de beýleki möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.