Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli bolan şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollamanamalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.