Hindi kino sungatynyň görnükli wekili, Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzy Şahruh Han 55 ýaşady. 1965-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hindistanyň paýtagty Täze Delide dünýä inen Şahruh Han 80-den gowrak filmde ululy-kiçili keşpleri janlandyrdy. Bolliwudyň 3 Hanynyň iň meşhury hasaplanýan Şahruh Han 1980-nji ýyllaryň ahyrynda telefilmlerde surata düşüp, jadyly sungata aralaşýar. Onuň Bolliwuddaky ilkinji filmi “Diwana” (Deewana, 1992) diýlip atlandyrylýar. Ol soňlugy bilen, “Gorky” (Darr, 1993), “Netije” (Anjaam, 1994), “Täsin gelin” (Dilwale Dulhania Le Jayenge, 1995), “Telbe ýürek” (Dil To Pagal Hai, 1997), “Durmuşda hemme zat bolýar” (Kuch Kuch Hota Hai, 1998), “Söýgi rowaýaty” (Mohabbatein, 2000), “Şatlykda hem-de gaýgyda” (Kabhi Khushi Kabhie Gham…, 2001), “Imperator” (Asoka, 2001), “Dewdas” (Devdas, 2002), “Watan” (Swades, 2004), “Öňe, Hindistan!” (Chak De! India, 2007) “Meniň adym Han” (My Name Is Khan, 2010), “Men entek ýaşaýaryn” (Jab Tak Hai Jaan, 2012) “Çennaý ekspresi” (Chennai Express, 2013), “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” (Happy New Year, 2014), “Söýgüliler” (Dilwale, 2015), “Janköýer” (Fan, 2016), “Gurply adam” (Raees, 2017) ýaly köpleriň söýgüsini gazanan onlarça filmde surata düşdi.

Ol diňe bir aktýor hökmünde belli bolman, haýyr-sahawat işlerine işjeň gatnaşýan dünýäde millionlarça muşdagy bolan şahsyýet hökmünde-de tanalýar. SRK brendi bilen tanalýan Şahruh Han ýurdunyň kriket toparlarynyň biriniň hem eýesidir. Şahruh Hanyň “Filmfare” baýraklarynda 30 dalaşgärligi bolup, ol şolaryň 14-sini gazanýar. 14 “Filmfare” baýragynyň 7-si iň gowy aktýor ugry boýunça bolup, ol 2005-nji ýylda Hindistan Hökümetiniň abraýly sylaglaryndan Padma Şri baýragyna laýyk görülýär. Şahruh Han Fransiýanyň “Sungat we edebiýat” (Ordre des Arts et des Lettres, 2007) “Hormat legiony” (Legion d’honneur, 2014) ordenleri bilen sylaglanýar. 1991-nji ýylda Gauri Çibber bilen durmuş guran Şahruh Hanyň 3 çagasy bar.