Golaýda Aziýa Film baýraklarynyň şu ýylky ýeňijileri mälim edildi. 14-nji gezek gowşurylýan Aziýa Film baýraklarynda koreýaly Bon Žun-ho “Mugthorlar” (Parasite) filmi iň gowy ekran eseri diýlip saýlandy. Şu ýylyň başynda Oskar baýragyny gazanan film iň gowy ssenariý, iň gowy montaž, iň gowy önümçilik bezegi ýaly ugurlarda Aziýa Film baýraklarynyň jemi 4 heýkeljigine laýyk görüldi. Aslynda mart aýynda geçirilmeli dabara onlaýn görnüşde guraldy. Dabarada iň gowy aktýor baýragyna “Golaýdaky adam” (The Man Standing Next) filmindäki keşbi üçin koreýaly Li Býon Hon mynasyp boldy. “Ýagşy günler” (Better Days) filmindäki keşbi üçinem hytaýly Çžou Donýu iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. “Hoş gal, oglum” (So Long, My Son) filmini surata düşüren hytaýly Wan Sýaoşuaý iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy. Baýragy oskarly Bon Žun-honuň gazanmagyna garaşylýardy. Hindi kinosy “Repçi oglan” (Gulli Boy) filminiň sazlaryny düzen Karş Keýl iň gowy saz baýragyna laýyk görüldi Dabarada başga ugurlar boýunça-da sylaglar öz mynasyplaryna gowşuryldy.