Adamyň boýunyň uzynlygy maşgala agzalaryna, olaryň haçan ösüp başlanlygyna, şahsyň beden kämilligine we iýmitlenme endiklerine baglydyr. Islendik ýetginjek ene-atasynyň boýunyň uzynlygyny ulanyp, ýönekeý hasaplamak arkaly öz boýuny çaklap biler. Aşakda getirilen formula siziň boýuňyzyň ösüp, ahyrky ýetjek derejesini çaklamaga ýardam edýär:
Gyzlar ene-atasynyň boýunyň uzynlygynyň jeminden 12,5-y aýyrmaly. Çykan netijäni ikä bölmeli.
Oglanlar ene-atasynyň boýunyň uzynlygynyň jemine 12,5-y goşmaly. Çykan netijäni ikä bölmeli. Gyzlaryň boýunyň iň çalt üýtgeýän döwri 11 ýaşdan 12 ýaşa çenlidir. Oglanlaryň boýy bolsa adatça, 11 ýaşlarynda ösüp başlaýar, 13 ýaşynda iň ýokary derejesine ýetýär.
Şol döwrüň dowamynda oglanlar adatça, her ýyl 10 santimetr çemesi ösýän bolsa, gyzlar her ýyl 7,5 santimetr çemesi ösýärler. Hut şu jähetden hem, orta hasap bilen erkekleriň boýy zenanlaryňka garanyňda 12,5 santimetr çemesi uzynrakdyr.
Kämillik ýaşyna ýetmek döwrüniň ahyrynda oglanlaryň we gyzlaryň boýunyň ösmegi durýar. Edil şol wagt hem olaryň boýlarynyň ösüş plastinalarynyň, ýagny bedenleriniň çäginde süňkleriniň ösýän parçalarynyň birikýän wagty bolup durýar.
Boýuňyzy ösdürmegiň, ýagny mümkin boldugyndan has uzyn boýly bolmagyň iň gowy usuly – saglygyňy aýap saklamak, gowy iýmitlenmegi üpjün etmek, kadaly esasda fiziki maşklar etmek we gowy ukyňy almak bolup durýar.
Boýuňyzy ösdürip, sizi has uzyn boýly etjekdigine kepil geçýän her bir önüme hüşgärlik bilen garaň! Sebäbi boýuň ösüş prosesi tebigy bolup geçmelidir.
Şasenem Allaberdiýewa,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabyndaky ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.