“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts kitap maslahat bermegi bilen hem tanalýar. Belli işewür mahal-mahal her pasylda ýa-da ýylyň dowamynda okalmaly eserleri maslahat berýär. Gurply milliarder Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň dekany Lloýd Minor bilen koronawirus pandemiýasy döwründe adamlaryň saglygyny goramak we pandemiýadan soňky döwre nähili taýýarlyk görülmelidigi barada pikir alyşdy. Söhbetdeşlikden soňra Geýts dört sany kitap okamagy maslahat berdi. Işewüriň ilkinji maslahat beren kitaby Mişelle Aleksanderiň “The New JIM CROW: Mass Incarceration in the Age of Colorblindless”. 312 sahypalyk kitabyň birinji  neşiri 2010-njy ýylda, ikinji neşiri üstümizdäki ýylda okyjylar köpçüligine ýetirildi. Geýts okamagy maslahat beren ýene bir kitaby Bijal P. Triwediniň “Breath from Salt: A Deadly Genetic Disease, a New Era in Science, and the Patients and Families Who Changed Medicine Forever” eseridir. Triwedi mundan başga-da birnäçe ylmy kitaplaryň awtordyr.

Geýts žurnalist Erik Larsonyň “The Splendid and the Vile: A Saga of Churchill, Family, and Defiance During the Blitz” atly kitabyny hem maslahat berdi. Şeýle hem Geýts “CNN Worldwide” teleýaýlymynyň alypbaryjysy Farid Zakarianyň ýazan “Ten Lessons for a Post-Pandemic World” atly kitaby okamagy maslahat berdi.