Iki günlük okuw maslahatynda gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlandy. Oňa «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäre «Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak» (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany, Eýrany, Gazagystany, Moldowany, Türkiýäni we Ukrainany öz içine alýan bu taslamanyň baş maksady deňiz ýollary ugrunda milli hünärmenleri ýokarda agzalan meseleleri çözmekde halkara tejribeler bilen tanyşdyrmakdan, kenarýaka döwletleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyna laýyk getirmekden ybaratdyr.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag halkasy derejesiniň barha pugtalandyrylmagyny şertlendirýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna laýyklykda hem-de ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga ymtylyp, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, sebit we sebitara utgaşdyrylan logistik ulgamy döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalary amala aşyrýar.
Häzirki wagtda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde ylmy barlaglar ulgamynda we Hazarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmek işinde milli Liderimiziň işläp taýýarlamak üçin öňe süren başlangyjynyň ylalaşyklarynyň taslamalaryny ylalaşmak boýunça bilermenleriň duşuşyklary geçirilýär.

Awtomatlaşdyrylan ulgamlar we elektron tehnologiýalary arkaly dolandyrylýar
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri bar bolan mümkinçilikler bilen birlikde, geljekde ýüze çykyp biljek islegleri ýokary hilli teklipler we derejeli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Deňiz menziliniň çäklerinde gämileriň hereketine gözegçilik etmek, ähli bölümlerde ýük ýüklemek-düşürmek işleri awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylýar. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, tutuş taslama «Ýaşyl port» (Green port) halkara ölçeglere laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, häzirki anyk ýagdaýlarda deňiz ulaglary babatda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmegi bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijelidiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Şol syýasat ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.