10-njy noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 20-nji sammiti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde wideokonferensiýa arkaly geçirildi. Onlaýn maslahatyň dowamynda ŞHG-ä agza döwletleriň ýolbaşçylary dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe ŞHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de esasy halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşdylar. Sammitde ŞHG-ä agza ýurtlaryň ýolbaşçylary töwekgelçiliklere we kynçylyklara garşy göreşmek, howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi ilerletmek üçin täze çemeleşmeleri we çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Sammitiň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin «Şanhaý ruhuny» ösdürmek, ŞHG-de raýdaşlygy we özara ynamy güýçlendirmek, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy arkaly agza ýurtlaryň ösüş strategiýalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, köptaraplaýynlygy goldamak boýunça başlangyçlary bilen çykyş etdi.
ŞHG-ä agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilelikdäki jarnamany yglan edip, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary tassykladylar. Taraplar ŞHG-ä agza ýurtlaryň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garşy göreşde birek-biregi berk goldaýandyklaryny hem-de ŞHG bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellediler.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi. ŞHG-niň sekiz agzasy bar (Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan). Dört döwletiň synçy derejesi bar (Owganystan, Belarus, Eýran, Mongoliýa), alty ýurt gepleşik boýunça hyzmatdaşlardyr (Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe, Şri-Lanka).