Fransiýanyň paýtagtynda 11-13-nji noýabr aralygynda geçirilen üçünji Parahatçylyk forumynda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýyl Parahatçylyk forumynyň işi onlaýn tertipde geçirildi. Wideoşekilli konferensiýa görnüşindäki tematiki bölümleriň işine hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, işewür toparlaryň, ylmy hünärmenleriň, diplomatlaryň we žurnalistleriň 10 müňe golaý wekili gatnaşdy. Esasy üns dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň adamzada ýetiren ýaramaz täsirine jogap gözlemekden ybarat boldy. Maslahatyň ilkinji gününde Parižiň häkimi Anne Idalgo we Parižiň metropoliýasynyň ýolbaşçysy Patrik Olýe çykyş etdiler.
Birinji jahan urşunyň (1914-nji ýylyň 28-nji iýuly – 1918-nji ýylyň 11-nji noýabry) gutarmagyna bagyşlanyp, her ýyl Pariž parahatçylyk forumyny guramak pikiri Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan öňe sürüldi. 2018-nji ýylda geçirilen ilkinji şeýle foruma fransuz Lideri bilen birlikde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Germaniýanyň federal Kansleri Angela Merkel we beýleki ýurtlaryň hökümet wekilleri gatnaşdylar. Birinji jahan urşunyň gutarmagynyň 102 ýyllygy mynasybetli Triumfal arkasynda baky ot ýakylyp, fransuz ýazyjysy Moris Ženewuanyň (1890-1980) hatyrasyna dabara guraldy. Moris Ženewuanyň kitaby 1914-nji ýylda Birinji jahan urşuna bagyşlanan iň möhüm edebi eserleriň biridir. Forum ýatlama güni bilen jemlendi.