Fransiýada şa zenan Mariýa-Antuanettanyň (1755-1793) köwşi auksiona çykaryldy. Şa zenanyň köwüşleriniň başlangyç bahasy 10 müň ýewro. – Uzynlygy 22 santimetr, agramy birnäçe gram bolan bu köwüş fransuz taryhynyň nyşanydyr. Köwüş gaty nepis bolup, ýüpekden we geçi derisinden tikilen – diýip, auksion öýüniň başlygy Žan-Pýer Osen aýtdy. Fransiýanyň we Nawarranyň şa zenany, Imperator Frans I-iň körpe gyzydyr. Şeýle hem Fransiýanyň koroly Lýudowik XVI-nyň aýalydyr.