Mü­sü­riň sy­ýa­hat­çy­lyk we ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­kil­le­ri Kai­riň gü­nor­ta­syn­da­ky ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ryn­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, azyn­dan 100 sa­ny ga­dy­my sar­ko­fa­gyň ta­py­lyp, ola­ryň kä­bi­rin­den mu­my­ýa­la­ryň we 40 tö­we­re­gi al­tyn heý­kel­le­riň ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler. Ýa­şy 2500 ýyl­dan gow­rak diý­lip çak edil­ýän sar­ko­fag­lar we heý­kel­ler, Sak­ka­ra­da­ky ke­mer­li Jo­se­ra pi­ra­mi­da­sy­nyň ete­gin­de gu­ra­lan ser­gi­de gör­ke­zil­di. Hü­när­men­ler ga­dy­my mu­mi­ýa­la­ryň gur­lu­şy­ny öw­ren­mek hem-de ola­ryň nä­dip abat sak­la­nyp ga­la­ndy­gy­ny anyk­la­mak mak­sa­dy bi­len rent­gen bar­lag­la­ry­ny ge­çir­di­ler.
Mü­sü­riň sy­ýa­hat­çy­lyk we ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nist­ri Ha­led al-Ana­ni met­bu­gat ýyg­na­gyn­da eden çy­ky­şyn­da ýü­ze çy­ka­ry­lan zat­la­ryň äh­li­si­niň Mü­sür­de 300 ýyl tö­we­re­gi hö­küm­dar­lyk eden Pto­le­meý­le­riň ha­na­dan­ly­gy­na de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di. Ar­te­fakt­lar ýa­kyn wagt­da Kai­riň üç mu­ze­ýi­nde, şol san­da, Gi­za­nyň meş­hur pi­ra­mi­da­la­ry­nyň go­la­ýyn­da gu­rul­ýan Uly Mü­sür mu­ze­ýin­de (Grand Egyp­ti­an Mu­se­um) go­ýu­lar.
Uly Mü­sür mu­ze­ýiniň gur­lu­şy­gy 15 ýyl ozal baş­la­nyp, onuň açy­ly­şy 2020-nji ýy­lyň tom­sun­da me­ýil­leş­di­ri­lip­di, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li gel­jek ýy­la süý­şü­ril­di. Gi­za­da­ky mu­zeý tu­tuş bir me­de­ni­ýe­tiň ta­ry­hy­na ba­gyş­la­nan dün­ýä­niň iň uly mu­zeý­le­ri­niň bi­ri bo­lar. Mu­ze­ýiň 90 müň ine­dör­dül metr meý­da­nyn­da Ga­dy­my Mü­sür hak­da gür­rüň ber­ýän 10 müň­ler­çe eks­po­nat, şol san­da fa­ra­on Tu­tan­ha­mo­nyň aram­gä­hin­den ta­py­lan ha­zy­na ba­gyş­la­nan aý­ra­tyn zal, ça­ga­lar mu­ze­ýi, abat­la­ýyş us­sa­ha­na­la­ry, bar­lag­ha­na­lar, mas­la­hat mer­ke­zi, ka­fe­ler, gar­ba­nyş­ha­na­lar we se­ýil­gäh bar.