Şu ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden 1,5 milliondan gowrak musulman yslam dininiň bäş şertiniň biri bolan parz haj zyýaratyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna geldi. Bu barada “ewronews” habar berýär. Saud häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, şu ýyl daşary ýurtlardan gelen zyýaratçylaryň sany 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Mukaddes ýerleriň howpsuzlygyny doly üpjün etmek maksady bilen, Saud Arabystanynyň Goranmak ministrligi zyýaratçylaryň howpsuzlygynyň iň ýokary derejede goraljakdygyny mälim etdi.
Zyýaratyň ilkinji gününde zyýaratçylar Mekge şäherindäki Al-Haram metjidine ýygnanyp, mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp togap etdiler we Safa hem-de Merwe depeleriniň arasynda ýörediler, soňra bolsa Mina jülgesindäki çadyrlar şäherçesine ugradylar. Howanyň gyzgynlygynyň 45 gradusa ýetendigine garamazdan, zyýaratçylar ybadat amallaryny guramaçylykly dowam etdirýärler. Şu gün – 26-njy maýda bolsa, haj ybadatynyň iň guramaçylykly we möhüm tapgyry bolan Arafat dagyna çykmak (wukuf) hem-de Beýik Allatagaladan günäleriň geçirilmegini dilemek dessury berjaý ediler.
Haj zyýaraty dünýäniň dürli künjeklerinden gelen dürli milletleriň we medeniýetleriň wekillerini mukaddes ýerlerde ýeke-täk agzybirlige, dostlukly we parahatçylykly gatnaşyklara çagyrýar. Dünýäniň iň köp musulman ilatly döwleti bolan Indoneziýada we musulman azlygy ýaşaýan Hindistanda raýatlaryň zyýarat saparlaryny amala aşyrmaklary üçin döwlet derejesinde degişli maliýe hem-de ulag şertleri utgaşdyryldy. Matbugat wekillerine interwýu beren dürli ýurtlaryň raýatlary bu mukaddes saparyň öz ömürlerindäki iň uly arzuwdygyny we sebitde tiz wagtda parahatçylygyň berkarar bolmagyny dileýändiklerini aýtdyrlar.
PDF









