Ispaniýada täze jemgyýetçilik meýilnamasy tanyşdyryldy

2

Ispaniýanyň Hökümeti ýurduň ulag we ýaşaýyş jaý pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ekologiýa taýdan arassa energiýa geçişini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-howa meýilnamasynyň taslamasyny tanyşdyrdy. Ýylyň ahyryna çenli Ýewropa Komissiýasyna iberilmegi meýilleşdirilýän bu maksatnama durmuş taýdan goragsyz maşgalalary goldamak üçin 9 milliard ýewro möçberinde döwlet subsidiýalaryny bermegi göz öňünde tutýar. Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynda energetika ulgamyndaky özgertmeleriň ähli raýatlar we sebitler üçin elýeterli hem-de adalatly bolmalydygyny, daşky gurşawy goramak çäreleriniň ýurduň ykdysady ösüşine we täze iş orunlarynyň döredilmegine goşant goşýandygyny aýratyn nygtady.
Maksatnamanyň çäklerinde jemi serişdäniň 4,7 milliard ýewrosy ýaşaýyş jaý syýasatyna gönükdirilip, ol ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň töleglerini sarp etmegi tygşytlamaga we zyýanly galyndylary azaltmaga mümkinçilik berer. Galan 4,3 milliard ýewro bolsa ulag ulgamyny, şol sanda oba ýerlerini ösdürmäge, awtoulag parkyny täzelemäge hem-de jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlaryny mugt diýen ýaly amala aşyrmaga sarp ediler. Hökümet wekilleri, şol sanda ekologiýa taýdan arassa energiýa geçişi we demografiýa meseleleri boýunça ministr Sara Aagesen, Ulag ministri Oskar Puente hem-de ýaşaýyş jaý syýasaty ministri Izabel Rodriges bu barada aýratyn bellediler. Olaryň sözlerine görä, bu meýilnama häzirki wagtda dörän howa şertlerine garşy durmakda we raýatlaryň hukuklaryny goramakda möhüm gural bolup hyzmat eder.