Şu ýylyň 26-30-njy awgusty aralygynda Russiýanyň Kazan şäherinde dünýäniň 40-a golaý döwletinden 300-den gowrak wekili birleşdirjek V Kazan global ýaşlar sammiti geçiriler. “AZERTAJ” habarlar agentliginiň guramaçylara salgylanyp mälim etmegine görä, halkara forumyna gatnaşmak üçin sargytlar 10-njy iýuna çenli kabul ediler. Sammitiň esasy mowzugy “Global özgerişler döwründe bilim: durnukly ösüş üçin hünärmenler” diýlip atlandyryldy. Çäräniň guramaçylary hökmünde Tatarystan Respublikasynyň Hökümeti, Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar forumy hem-de Kazan federal uniwersiteti çykyş edýärler.
Forumyň maksatnamasyna bilim tehnologiýalaryna, emeli aň ulgamyna, geljegiň endiklerine, kadrlar islegine, medeni özboluşlylyga we halkara hyzmatdaşlygynyň täze nusgalaryna bagyşlanan mowzuklaýyn ugurlar girizildi. Şeýle hem çäräniň çäklerinde açyk dialoglar, tok-şoular, pikir alyşmalar, kuryera hem-de bilim taslamalary baradaky mejlisler, şonuň bilen birlikde bilim başlangyçlarynyň synaglary guralar. Meýilleşdirilen çäreleriň bir bölegine deslapdan hasaba durmak şerti bilen islendik adam gatnaşyp biler.
PDF









