“Routes Europe 2026”: Baş baýrak Praganyň aeroportyna berildi

2

Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen “Routes Europe 2026” forumynda Ýewropanyň iň gowy aeroportlary we awiakompaniýalary yglan edildi. Çäräniň baş baýragyna – Praganyň aeroporty mynasyp boldy. Praganyň howa menzili şeýle hem “5-den 20 milliona çenli ýolagçy” kategoriýasynda-da birinji ýeri eýeledi.
Esasy baýraklar we ýeňijiler:
Absolýut ýeňiji: Praganyň aeroporty (Çehiýa)
Ýolagçy sany 5 milliona çenli: Florensiýanyň aeroporty (Italiýa)
Ýolagçy sany 5-20 million aralygy: Praganyň aeroporty (Çehiýa)
Ýolagçy sany 20 milliondan köp: Afonynyň halkara aeroporty (Gresiýa)
Iň gowy ugur (uçuş ugurlaryny goldamakda): Kanar adalarynyň “Promotur” syýahatçylyk geňeşi
Iň gowy awiakompaniýa: “Jet2.com” (Beýik Britaniýa) – bu baýragy yzly-yzyna üçünji gezek aldy.
Praganyň aeroportynyň üstünligi
Praganyň aeroporty 2025-nji ýylda 17,8 million ýolagça hyzmat edip, pandemiýadan öňki görkezijilerinden hem geçmegi başardy. Geçen ýyl bu ýerden 46 sany täze ugur açyldy we 12 sany täze awiakompaniýa hyzmatdaşlyga başlady. 2026-njy ýylda bolsa ABŞ (Filadelfiýa) we Hytaý Taýpeýi ýaly uzak aralyklara täze gatnawlaryň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.
Çäräniň ahyrynda forumy guramak hukugy resmi ýagdaýda indiki ýyl üçin (Routes Europe 2027) Türkiýäniň Antalýa aeroportyna (Fraport TAV Antalýa) geçirildi.