Daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Dostlukly ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar şeýle hem, sebit we halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Şwesiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
* * *
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen wideoduşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga, adam hukuklarynyň goralmagyna, ekologiýa we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Koronawirus pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn garaldy. Hormatly Prezidentimiziň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça, hususan-da, merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.
* * *
GDA gatnaşyjy döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň wideomaslahat görnüşinde nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň baş sekretary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda GDA-nyň giňişliginde biologiýa wehimlerine garşy durmak, häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň kibergiňişligindäki mümkinçiliklerini berkitmek meseleleri babatynda aýratyn pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada-da pikir alyşdylar.
Sebit durnuklylygy bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek üçin mundan beýläk-de tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
* * *
Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ykdysady forumyna gatnaşdylar.
Onda «COVID-19» pandemiýasyndan soňky durmuş-ykdysady dikeldişe goldaw bermekde sebitleýin hyzmatdaşlyk» mowzugy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, iri maliýe edaralarynyň wekilleri, SPEKA agza döwletleriň wekiliýeti gatnaşdy.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we dünýä ykdysadyýetine goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar. Ykdysady foruma gatnaşyjylar netijeli üstaşyr geçelgeleri, şol sanda SPEKA sebitinde ygtybarly ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň ýurtlarymyzyň her biri üçin bähbitli esasy ugurlaryň biridigini nygtadylar.
Belenilişi ýaly, SPEKA döwletleri sebitiň içinde bolşy ýaly, häzirki emele gelen çylşyrymly pursatda özleriniň esasy söwda hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Serhetüsti söwda işlerini ýönekeýleşdirmegiň we üstaşyr gatnaşyklary, durnukly önümçilik-söwda ugurlaryny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyna üns berildi.
Ykdysady forumyň ikinji gününde edilen çykyşlarda söwda we ulag ulgamlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerine ýetirmek, BMG-niň standartlaryny peýdalanmak arkaly sanly geçelgeleri we «Bitewi penjire» ulgamyny ösdürmek, aň-bilim meselelerini işjeňleşdirmek wezipeleri beýan edildi.
Maslahatda ykdysady syýasat, maliýe-býujet, pul-karz çäreleri we SPEKA ýurtlarynda koronawirusyň ýaýran döwründen başlap girizilen çäreler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.