Her ýylyň 21-nji noýabrynda Bütindünýä telewideniýe güni bellenilip geçilýär. Soňky ýyllarda internetiň has meşhur bolýandygyna garamazdan, teleýaýlymlar maglumat we dynç alşyň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde galýar. Dünýäniň ähli ýerinde häzirki döwürde telewizorsyz öýi göz öňüne getirmek mümkin däl. Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylyň 17-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary esasynda 21-nji noýabrda Bütindünýä telewideniýe güni bellenilýär. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni, telewizoryň tehniki taraplary däl-de, durmuşymyza getirýän mümkinçilikleri babatda uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman dünýäsinde telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşanydyr.
1996-njy ýylyň 21-22-nji noýabrynda BMG-niň howandarlygynda ilkinji Bütindünýä telewideniýe forumy geçirildi, şonda öňdebaryjy metbugat wekilleri häzirki çalt özgerýän döwürde telewideniýäniň barha artýan ähmiýetini we özara hyzmatdaşlygy nädip ösdürip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sebäpli Baş Assambleýa 21-nji noýabry Bütindünýä telewideniýe güni diýip yglan etmek kararyna geldi.
Bu günüň döredilmegi, telewizoryň karar bermek işine barha artýan täsiriniň ykrar edilmegi boldy.
Kerwen GARRYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.