Döw­re­bap guş­çu­lyk top­lu­my
Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da to­wuk ýe­tiş­dir­ýän kär­ha­na­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty hem-de azyk se­na­ga­ty­ny bat­ly dep­gin­ler­de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len gör­len ne­ti­je­li çä­re­ler, mil­li Li­de­ri­mi­ziň döw­re­bap oba­se­na­gat we dur­muş dü­zü­mi­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­dir­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.
Te­le­ke­çi To­par Ata­ýe­we de­giş­li bo­lan döw­re­bap guş­çu­lyk top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy «Emir og­ly» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. 4 gek­tar meý­dan­da gur­lan top­lu­myň çä­gin­de eda­ra ja­ýy, to­wuk ke­tek­le­riň 9-sy, ho­ja­lyk se­riş­de­le­ri üçin am­mar, iým am­ma­ry, ho­ja­lyk des­ga­sy, suw how­dan­la­ry, suw be­ke­di we beý­le­ki kö­mek­çi des­ga­lar ýer­leş­ýär. Kär­ha­na­nyň çä­gin­dä­ki des­ga­lar­da in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar otur­dy­lan­dyr. Bu bol­sa, guş­çu­lyk top­lu­myn­da bir tap­gyr­da 115 müň 500 broý­ler to­wuk­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Kär­ha­na azyk ba­zar­la­ry­na hem-de ýur­du­my­zyň söw­da no­kat­la­ry­na öz önüm­le­ri­ni «Do­gan aý» ha­ryt ny­şa­ny bi­len ug­ra­dar.
Bu ýer­de on­lar­ça iş orun­la­ry, iş­çi­le­riň ön­jeý­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin şert­ler dö­re­dil­di. Guş­çu­lyk top­lu­my­nyň döw­re­bap en­jam­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi bir ta­rap­dan, ön­dü­ril­ýän önü­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, beý­le­ki ta­rap­dan, kär­ha­na­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

De­mir-be­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wod
Gök­de­pe et­ra­byn­da hu­su­sy işe­wür­lik ul­ga­my­nyň se­na­gat des­ga­sy­nyň – de­mir-be­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wo­dy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. «Aga gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan tä­ze des­ga­nyň umu­my meý­da­ny 6 gek­ta­ra ba­ra­bar­dyr. Kär­ha­na­nyň tas­la­ma kuw­wat­ly­ly­gy – öl­çe­gi 300 mil­li­metr­den 1200 mil­li­met­re çen­li bo­lan ýyl­da 500 müň metr de­mir-be­ton tur­ba­la­ry­ny çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr. Des­ga­nyň çäk­le­rin­de do­lan­dy­ryş bi­na­sy, önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri hem-de beý­le­ki kö­mek­çi bi­na­lar ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de 100-den gow­rak iş orun­la­ry, zäh­met çek­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Otur­dy­lan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da önüm­le­ri ön­dür­mä­ge, buý­ru­jy­la­ra hal­ka­ra ta­lap­la­ra we öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän de­mir-be­ton önüm­le­ri­niň örän köp gör­nüş­le­ri­ni tek­lip et­mä­ge kär­ha­na müm­kin­çi­lik be­rer. Önüm­le­riň ýer­li çig mal­dan taý­ýar­la­nyl­ma­gy ahyr­ky önü­miň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­na we hi­li­ne oňyn tä­sir ed­ýär.