Onlaýn du­şu­şyk­la­ry gur­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi bi­len ýyg­nak­la­ryň bel­li bir bö­le­gi­ni dür­li gör­nüş­li san­ly ek­ran­la­ra se­re­dip ge­çir­ýä­ris. Bu ýag­daý, şeý­le-de gü­nüň ag­ram­ly bö­le­gi­ni komp­ýu­te­re ýa-da te­le­fon­la­ra se­re­dip ge­çir­ýän göz­le­ri­mi­ze düş­ýän ag­ra­my ýo­kar­lan­dyr­dy. «The Gu­ar­di­an» neşiriniň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, iýun aýyn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma gat­na­şan­la­ryň 22 gö­te­ri­mi soň­ky 2-3 aýyň do­wa­myn­da göz­le­ri­ne düş­ýän ag­ra­myň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, gö­rüş ukyp­la­ry­nyň pe­se­len­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Göz sag­ly­gy bo­ýun­ça mas­la­hat­çy Da­ni­el Har­di­ma­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, ek­ran­la­ryň gö­zü­mi­ze ze­per ýe­tir­ýän­di­gi ýal­ňyş dü­şün­je bo­lup dur­ýar. «Ek­ran­lar howp­suz bo­lup, gö­züň düýp­li ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na se­bäp bol­ma­ýar­lar» di­ýip, Har­di­man bel­läp geç­ýär.
San­ly ek­ran­lar­da ýaz­gy­nyň göw­rü­mi­ni, ýag­ty­ly­gy­ny we reň­ki­ni saz­lap bol­ýan­dy­gy üçin ka­gy­za ga­ra­nyň­da oka­mak has aň­sat bol­ýar. Şeý­le ek­ran­la­ryň gö­ze zy­ýan ýe­tir­ýän­di­gi ba­ra­da­ky dü­şün­je­ler göz­ba­şy­ny adat­ça, «ma­wy yşyk» söz dü­zü­min­den al­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ön­dü­ril­ýän ek­ran­lar Gü­ne ga­ra­nyň­da has az ma­wy şöh­le bö­lüp çy­kar­ýar.
Ni­re­den gör­ýä­ni­mi­ziň däl-de, eý­sem, nä­me gör­ýä­ni­mi­ziň sag­ly­gy­myz üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çek­ýän Har­di­man, ýat­maz­dan ozal azyn­dan bir sa­gat öň ek­ra­nyň ba­şyn­dan aý­ryl­ma­ly­dy­gy­my­zy aýd­ýar.
Gö­ze düş­ýän ýü­ki azalt­mak üçin komp­ýu­te­riň ek­ra­ny­ny göz­den 40-76 san­ti­metr uzak­lyk­da sak­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ýo­kar­ky bö­le­gi gö­züň de­re­je­sin­de bo­lar ýa­ly ek­ran 10-20 de­re­je yza ýa­ty­ryl­ma­ly. Şeý­le hem sto­lu­ňyz­da­ky beý­le­ki ulan­ýan en­jam­la­ry­ňy­zy ek­ra­na go­laý ýer­leş­dir­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Uzak wagt­lap ek­ra­na se­re­dip otur­ma­gyň gö­zü­mi­ziň te­bi­gy ýag­da­ýy­na ters­di­gi­ni aýd­ýan Har­di­man 20-6-20 ka­nu­ny­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­ýär. Bu dü­şün­je her 20 mi­nut­dan özü­miz­den or­ta­ça 6 metr uzak­lyk­da­ky is­len­dik za­da 20 se­kunt­lap se­ret­me­gi aň­lad­ýar. Har­di­man bu he­re­ke­tiň gö­zü­mi­ze dynç ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, mu­ňa goş­ma­ça, ek­ran­da­ky harp­la­ryň göw­rü­mi­ni ulalt­ma­gy ek­ra­nyň ýag­ty­ly­gy­ny saz­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär.
Bi­ler­me­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, gö­zü­mi­zi gyrp­ma­gy hem ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Ek­ra­na uzak wagt­lap se­re­dip otur­mak gö­zü­mi­zi gu­rad­ýar. Her gyr­pa­myz­da, göz ga­bak­la­ry gö­re­jiň ýü­zü­ni tä­ze su­wuk­lyk gat­la­gy bi­len üp­jün ed­ýär.