Kadaly uky sag­dyn dur­mu­şyň gi­re­wi­dir. Şol se­bäp­den hem ka­da­ly uky al­mak üçin özü­ňi­ze la­ýyk gel­ýän ýas­sy­gy hem-de düşegi saý­laň! Aý­ra­ty­nam ýas­syk saý­la­ma­ga çyn­la­kaý çe­me­leş­me­li. Ol si­ze ana­to­mik taý­dan la­ýyk gel­me­li, uku­da wag­ty­ňyz bo­ýun myş­sa­la­ry­ny agyrt­ma­ly däl. Ýog­sam, ir bi­len tu­ra­ny­ňyz­da kel­la­gy­ry­dan ejir çe­ker­si­ňiz.
Rahat ge­ýim­de ýat­mak ka­da­ly uky al­ma­ga ýardam edýär. Pag­ta­dan ti­ki­len we be­ze­gi az bo­lan ge­ýim­ler has oňaý­ly­dyr. Ýum­şak te­bi­gy dü­şek­ler, tä­miz ýas­syk­da­şy­lar hem-de be­de­ni­ňe ýa­kym­ly ýor­gan­lar süý­ji uky­nyň gi­re­wi­dir.
Ýat­ýan ýe­ri­ňi­zi saý­la­mak bi­len ra­hat ýat­ma­gy hem ba­şar­ma­ly. Uk­la­maz­dan ozal be­de­ni ra­hat­lat­mak üçin ýy­ly su­wa düş­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ra­hat uk­la­ma­gy­ňyz üçin öz­bo­luş­ly kada eýeriň we ony bir hep­dä­niň do­wa­myn­da her gün gaý­ta­laň! Adam be­de­ni bel­li bir he­re­ket­ler­den soň­ra uky­nyň ga­raş­ýan­dy­gy­na öw­re­niş­ýär. Mun­dan soň­ra uk­la­mak has ýe­ňil bol­ýar. Şeý­le hem uky­dan öň öte doý­mak ýal­ňyş he­re­ket­dir. Eger ajyk­sa­ňyz uk­la­maz­dan öň ýag­syz ga­tyk içip, mi­we­li ýa-da gök-önüm­li iş­däa­çar iýip, aç­lyk duý­gu­sy­ny aý­ryp bo­lar.
Ýat­maz­dan ozal smart­fo­n, plan­şe­t, no­ut­bu­k we te­le­wi­zor­ ýaly enjamlardan daş­la­şyň! Bu en­jam­la­ryň ýaýradýan ma­wy şöhleleri uky­ňy böl­ýär. Uku­dan öň ota­gyň içi­ni ýe­le­ji­ret­me­gi hem ýat­dan çy­kar­maň!