Güýz pas­ly­nyň ta­mam­la­nyp, gy­şyň go­laý­laş­ma­gy bi­len söw­da no­kat­la­ryn­da li­mon, man­da­ri­n we pyr­ty­kal ýa­ly sit­rus mi­we­le­ri has köp peý­da bo­lup baş­la­dy. Mi­we­le­riň bu gör­nü­şi güý­züň ahy­ryn­da ýe­ti­şip, gyş pas­lyn­da iý­len­de adam be­de­ni üçin has peý­da­ly­dyr. Beý­le­ki mi­we­dir gök önüm­le­ri hem te­bi­gy ýag­daý­da ýe­tiş­ýän wag­tyn­da iý­mek has peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Al­ma, erik, po­mi­dor, hy­ýar ýa­ly mi­we­dir gök önüm­le­riň mi­we­le­ri dü­wen wag­ty ýa­şyl, soň­ra sa­ry, gy­zyl, mä­mi­şi we gül­gü­ne ýa­ly reňk­le­re öw­rül­ýär. Kä­bir mi­we bi­şen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýa­şyl reňk­de bol­ýar. Mun­da bol­sa, ösüm­li­giň gör­nü­şi­niň, ýe­tiş­ýän ýe­ri­niň ho­wa­sy­nyň, top­ra­gy­nyň tä­si­ri bar.
Beý­le­ki agaç­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, sit­rus agaç­la­ry­nyň ýap­rak­la­ry düş­me­ýär. Adat­ça, sit­rus mi­we­le­ri­niň ga­by­gy­nyň reňk­le­ri sa­ry, mä­mi­şi, gül­gü­ne ýa-da gy­zy­lym­tyl bol­ýar. Eý­sem, bu mi­we­ler hem biş­me­dik wag­ty ýa­şyl reňk­li bol­ýar­my­ka!? Sit­rus önüm­le­ri­niň mi­we­si­niň ga­by­gy­nyň reň­ki, esa­san, onuň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ýe­ri­ne bag­ly bol­ýar. Ek­wa­tor gu­şak­ly­gy­nyň go­la­ýyn­da­ky ys­sy we çyg­ly ho­wa­ly tro­pi­ki ýer­ler­de hem-de Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da sit­rus agaç­la­ry­nyň mi­we­le­ri bi­şen wag­ty hem ýa­şyl bol­ýar. Ys­sy we gü­neş­li bo­lan bu ýurt­lar­da mi­we­le­riň dü­zü­min­dä­ki hlo­ro­fil muk­da­ry­nyň azal­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, ola­ryň ga­by­gy he­mi­şe ýa­şyl bol­ýar. Subt­ro­pik we ys­sy ýurt­lar­da bol­sa, bu mi­we­le­riň ha­sy­ly güý­züň ahy­ryn­da hem-de ir ba­har ýyg­nal­ýar. Bu ýer­ler­de ýe­tiş­di­ril­ýän mi­we­ler il­ki ýa­şyl bo­lup, bi­şip baş­la­nyn­da sa­ral­ýar. Aram ho­wa­ly bo­lan bu ýurt­lar­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki hlo­ro­fil muk­da­ry­nyň azal­ma­gy, onuň reň­ki­ni üýt­ged­ýär. Ýag­ny, man­da­rin ýa-da pyr­ty­ka­lyň da­şy­nyň reň­ki­niň ýa­şyl­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bi­şen gör­nüş­le­ri hem bol­ýar. Wýet­nam­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän pyr­ty­kal­la­ryň we Tai­land­da­ky ha­sy­ly alyn­ýan man­da­rin­le­riň ga­by­gy ýa­şyl, içi mä­mi­şi bol­ýar.